Tebigaty gül-gülzarlyga büreýän aprel adamzat medeniýetiniň, sungatyň we sportuň taryhynda yz galdyran ägirtleriň ençemesiniň dünýä inen aýydyr. Bu aýyň senenamasy edebiýatdan sungata, taryhdan sporta çenli dürli wakalary özünde jemleýär.
Ýazgymyzy dünýä edebiýatyndan başlalyň. Rus edebiýatynyň nusgawy wekili Nikolaý Gogolyň (1-nji aprel, 1809) we çagalarynyň söýgüli erteksiçisi Gans Hristian Anderseniň (2-nji aprel, 1805) apreliň ilkinji günlerinde dünýä inmegi bu aýa özboluşly ylham çaýýar. Şeýle hem «amerikan edebiýatynyň atasy» Waşington Irwing (3-nji aprel, 1783), iňlis edebiýatynyň öçmejek ýyldyzy Uilýam Şekspir (23-nji aprel, 1564), şwed şahyry Tumos Tranströmer (15-nji aprel, 1932) we azerbaýjan ýazyjysy Çingiz Guseýinow (20-nji aprel, 1929) ýaly ussatlaryň doglan günleri bu aýyň edebi ähmiýetini has-da artdyrýar.
Milli edebiýatymyzyň we sungatymyzyň ösüşine uly goşant goşan şahsyýetlerimiziň hem ençemesi aprel aýynda dünýä indi. Bu aý Türkmenistanyň halk ýazyjylary Gylyç Kulyýewiň (14-nji aprel, 1913), Berdinazar Hudaýnazarowyň (15-nji aprel, 1927) hem-de şahyr Gazakbaý Ýollyýewiň (5-nji aprel, 1952) atlary bilen şöhratlanýar. Şeýle hem bu aýda Azat Rahmanow (17-nji aprel, 1946), Amanmyrat Kiçigulow (17-nji aprel, 1958) we Goçy Annasähedow (21-nji aprel, 1953) ýaly ýazyjy-şahyrlarymyz dünýä indiler we olar türkmen edebiýatynyň hazynasyny baýlaşdyrýarlar.
Şeýle hem sungat äleminde Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýew (26-njy aprel, 1924) we nakgaş Durdy Baýramow (14-nji aprel, 1938) ýaly ägirtleriň mirasyny ýatlaman geçmek mümkin däl. Olaryň galdyran eserleri milli sungatymyzyň taryhynda möhüm sahypalardyr. Şeýle hem Türkmenistanyň halk artisti Nurberdi Allaberdiýewiň (29-nji aprel, 1949), aýdymçylar Roza Töräýewanyň (9-njy aprel, 1938), Nurýagdy Tokgaýewiň (2-nji aprel, 1952), şeýle hem ussat dutarçy Akmyrat Çaryýewiň (14-nji aprel, 1947) doglan günleri bu aýa özboluşly öwüşgin çaýýar.
Sport dünýäsinde bolsa aprel — türkmen futbolynyň ýyldyzlary Altymyrat Annadurdyýewiň (13-nji aprel, 1993) we Mekan Saparowyň (21-nji aprel, 1994), şeýle hem dünýä belli agyr atletikaçymyz Ýulduz Jumabaýewanyň (21-nji aprel, 1998) dünýä inen aýy.
1993-nji ýylyň 12-nji aprelinde 30 harpdan ybarat türkmen milli elipbiýiniň kabul edilmegi we 1998-nji ýylyň 17-nji aprelinde «Biznes reklama» gazetiniň neşir edilip başlanmagy ýurdumyzyň täze taryhynda aýratyn orun eýeleýär.
Hawa, aprel — medeniýetiň, sungatyň we sportuň täze sepgitlere ýeten, zehinli şahsyýetleriň dünýä inen özboluşly aýy. Bu aýda dünýä inen ägirtleriň ykbalynda baharyň joşguny, täzeleniş ukyby duýulýar.