«Ojar Aziýa» hususy kärhanasy Sarahs — Mary — Serhetabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna maýa goýýar

MilliInfo

30 Ýanwar, 2026

Häzirki zaman dünýäsinde ulag infrastrukturasy ykdysady durnuklylygy we sebit täsirini gönüden-göni kemala getirýär. Şonuň üçin hem, «Ojar Aziýa» tarapyndan işlenip düzülen, uzynlygy takmynan 450 km bolan Sarahs — Mary — Serhetabat ugry boýunça täze magistral taslamasy Türkmenistan we Merkezi Aziýa üçin ýokary strategik ähmiýete eýedir.

Şeýle magistral diňe bir ýük daşama hyzmatlaryndan ybarat bolman, eýsem, ösüşiň, durnuklylygyň we sebit integrasiýasynyň hereketlendiriji güýjüne öwrülýär. Ol Türkmenistanyň esasy ýük ugurlaryny Eýran we Owganystan bilen birleşdirip, serhetýaka söwda, maýa goýumlary we medeni alyş-çalyş üçin amatly şertleri döredýär, şeýle hem Pars aýlagyna çalt çykmagy üpjün edýär.

Ol sebitiň dünýä bazarlaryna gönüden-göni çykmagyny üpjün etmek bilen, bu ugurlaryň ulag mümkinçiliklerini güýçlendirýär we Türkmenistany Ýewraziýanyň möhüm üstaşyr merkezine öwürýär. Bu bolsa ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar hem-de söwda we maýa goýum işjeňligini höweslendirýär.

Taslama bar bolan logistik geçelgeleriň ösmegine we täzeleriniň döremegine goldaw berýär. Bu, aýratyn hem, «Demirgazyk — Günorta», «Lapis — Lazuli» we «Gündogar — Günbatar» ugurlaryny durmuşa geçirmek üçin örän möhümdir. Magistrala goýulýan maýa goýumlar ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga (köpugurly ösdürmäge), eksportyň artmagyna we Ahal hem-de Mary welaýatlarynda täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam edýär. Awtoulag ýoly Merkezi Aziýany, Ýakyn Gündogary, Günorta Aziýany we Ýewropany birleşdirip, ýük daşamalary has çalt we arzan amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Owganystandaky häzirki ýagdaý bu taslama aýratyn ähmiýet berýär: Türkmenistanyň üsti bilen geçýän ygtybarly ulag ýollary sebit durnuklylygyny, ynsanperwerlik kömegini we ykdysady dikeldişi goldaýar. Türkmenistan sebitiň gatnaşyjylary üçin ygtybarly üstaşyr köpri hökmünde çykyş edýär.

Taslamanyň birinji tapgyryny infrastruktura taslamalarynda baý tejribä eýelik edýän we halkara hyzmatdaşlar ulgamy bolan «Ojar Aziýa» amala aşyrýar. Gurluşygyň dowamynda döwrebap inženerçilik we sanly çözgütler: köp zolakly hereket, aýry ýol bölekleri, tölegleriň awtomatlaşdyrylmagy, energiýa netijeliligi we dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulanylar.

 «Ojar Aziýa» durnukly ösüşi ileri tutýar: şunda daşky gurşawa täsiri azaltmaga we ýerli ilat üçin oňyn durmuş netijeliligini döretmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle çemeleşme taslamanyň uzak möhletleýin durnuklylygyny üpjün edýär.

Sarahs — Mary — Serhetabat awtomobil ýolunyň gurluşygy — bu Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini we sebitiň dünýä ykdysadyýetine, umuman Ýewraziýa integrasiýasyny berkitjek geljege goýulýan maýa goýumdyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info