Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, hormatly jenap Ali Mojtaba Ruzbehani goňşy döwletleriň — Türkmenistanyň hem Eýranyň taryhy gatnaşyklary hakyndaky makalasy:
Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň umumy siwilizasiýa mirasy giň ýaýrawa eýe bolup, ony öwrenmäge girişmek üçin iki milleti baglanyşdyrýan örkleri we häzirki ösen gatnaşyklaryň özenini sebitiň taryhynyň jümmüşinden agtaryp tapmak gerek. Eýran bilen Türkmenistanyň iň möhüm siwilizasiýa mirasynyň biri-de ylym pudagy we onuň ýaýramagydyr. Golýazmalary gorap saklamak, kitaphanaçylyk işi boýunça tejribeleri alyşmak we bilelikdäki kitaplary neşir etmek – gatnaşyklaryň bu medeni we siwilizasion ulgamynyň bir bölegi hasaplanylýar.
Uly Horasan sebiti hem-de Merw, Nusaý, Sarahs, Nişapur, Abiwerd ýaly ylmyň we edebiýatyň taryhy merkezleri köp asyrlaryň dowamynda eýran hem türkmen alymlary, filosoflary we ýazyjy-şahyrlary üçin ylalaşyp ýaşamagyň hem oý-pikirleri döretmegiň ojagy bolupdyr. Merw yslam dünýäsindede, ylaýta-da, Seljuklar eýýamynda hat-ýazuwyň, astronomiýanyň, hasap ylmynyň we yrfanyň düýp merkezlerinden biri bolupdyr. Enweri Abiwerdi, Zamahşary, Fahreddin Razi ýaly milli buýsanjymyz bolan beýik şahsyýetler, soň-soňlar bolsa, Magtymguly Pyragy ýaly görnükli aryflar we şahyrlar eserlerini pars, arap we türkmen dillerinde ýazypdyrlar. Bu bir taryhy sebitde kalligrafiýanyň, kitap jiltlemegiň, sanaw ýöretmegiň, golýazmalary nusgalamagyň bir bitewi däpleri bolupdyr. Türkmenistanyň kitaphanalarynda pars we arap dillerindäki müňlerçe golýazma eserleriniň, Eýrandaky resminamalaryň genji-hazynalarynda bolsa bu sebitiň taryhyna degişli türki, arap we türkmen dillerindäki ýazgylaryň bolmagy bu çuňňur siwilizasion özene şaýatlyk edýär.
Bu sebitdäki çuňňur arabaglanyşyklar diňe geçmiş bilen çäklenmeýär. Beýle gatnaşyklar häzir hem dürli görnüşlerde dowam edýär. Häzirki hyzmatdaşlyklar geçmişiň golýazmalaryny anyklamagy, okamagy, sanawyny ýöretmegi we alyşmagy, beýiklerimiziň eserlerini bileleşip neşir etmegi, türkmen we pars dillerindäki ylmy eserleri öwretmegi, olaryň ylmy barlagyny we terjime edilmegini öz içine alýar. Bu gatnaşyklar şeýle çuňluga eýe bolany üçin 2023-nji ýylyň iýun aýynda Eýranyň Yslam Ynkylabynyň şehit Lideri Aýatolla Hameneýi tarapyndan Onuň Alyhezreti, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Magtymguly Pyragynyň diwanynyň (eserler ýygyndysynyň) düzedilen iki tomluk nepis nusgasy sowgat berildi. Munuň özi edebi şahsyýetlere goýulýan özara hormaty we ýazuw mirasynyň özara doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda peýdalanylýandygyny görkezýär.
Bu hyzmatdaşlygyň göze görünýän maddy bölegi nusgawy tekstleriň we täze ylmy gözlegleriň çapdan çykýan ýeri bolan kitap neşir etmek pudagynda hem ýüze çykdy. Olardan, korrektirlenip, pars diline terjime edilen Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň nepis kitaplar görnüşinde neşir edilendigini belläp geçmek bolar. Mundan başga-da, Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň tagallalary bilen häzire çenli Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň hormatly Prezidenti, jenap Serdar Berdimuhamedowyň birnäçe eserleri pars diline terjime edildi, başga birnäçesiniň bolsa terjime ýa-da neşir edilmegi boýunça tagallalar dowam edýär. Bu gymmatly eserleriň biri-de, Gahrymanyň Arkadagyň pars diline terjime we neşir edilen «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitaby bolup durýar. Şeýle hem, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri" atly köp jiltlik ensiklopediki eseriniň bir jildi pars diline terjime edildi we häzirki wagtda terjimäni deňeşdirmek we neşir etmek tapgyrynda barýar. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti, jenap Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly gymmatly kitabynyň terjime işi hem dowam edýär. Oňaýly wagtda onuň tanyşdyryş dabarasy geçiriler.
Geçmişden galan eserler babatda bilelikdäki ylmy-barlag işleri, nepis kitaplaryň neşir edilmegi we Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda ylmy hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy umumy taryhy özboluşlylygy gorap saklamak ugrundaky strategiki ädimdir. Bu ýoluň sanly gurallara we bilelikdäki neşirlere daýanmak arkaly dowam edilmegi sebitiň medeni ekoulgamynyň goralyp saklanmagynyň we bu gymmatbaha mirasyň geljek nesillere geçirilmeginiň kepilidir.
