Ýurdumyzyň öňdebaryjy logistika kompaniýalarynyň biri bolan «Hazar Logistik» demir ýol, awtoulag, deňiz hem-de howa gatnawlary arkaly dürli görnüşli ýükleri daşamak hyzmatlarynyň doly toplumyny hödürleýär. Konteýnerleri daşamak hem-de multimodal gatnawlar boýunça ýükleriň daşalmagyny üpjün etmek bolsa munuň üstüni ýetirýär. Kärhana import, eksport hem-de üstaşyr amallary boýunça ýokary derejedäki mümkinçilikleri özünde jemleýär. Onuň halkara işewürliginde eýeleýän orny bolsa «Hazar Logistik» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Muhammet Sähedowyň kärhananyň logistika mümkinçilikleri baradaky täsirli gürrüňlerinde hem aýdyň beýanyny tapdy.
— Ilki bilen bellemek isleýän zadym, golaýda bolup geçen möhüm wakanyň ähmiýeti bilen bagly bolup, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenbaşy şäherindäki «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gurlan «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynyň geçirilmegi Watanymyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerini has-da kämilleşdirdi. Munuň özi Diýarymyzda ulgamyň ösüşiň täze derejesine çykýandygyny tassyklady. «Gadamly» gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ähli ugurlarda, şol sanda halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde durmuşa geçirýän beýik tutumlarynyň netijesi hökmünde taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen girdi.
Biziň 2020-nji ýylda esaslandyrylan kärhanamyz — «Hazar Logistik» hojalyk jemgyýeti hem deňiz we howa gatnawlaryndan başlap, portlardaky çylşyrymly ýük dolanyşygy işleri boýunça hyzmatlaryň doly toplumyny hödürlemek bilen, gysga wagtda türkmen bazaryndaky iri kompaniýalaryň birine öwrüldi. Hytaýdan Gazagystan we Özbegistan arkaly ýükleriň bökdençsiz eltilmegini üpjün etmegimiz, Ýewropa bazaryna çykalga açýan Türkiýe we Gruziýa ugurlarymyz ýakyn ýyllar üçin möhüm strategik ädimlerimizdir. Bu ýurtlaryň her birinde öz wekilhanalarymyzyň bolmagy kompaniýamyzyň ýoluň ähli böleginde ýüküň howpsuzlygyna kepil geçmegine mümkinçilik döredýär.
Kompaniýanyň esaslandyryjysy geçen aýyň ahyrky günlerinde paýtagtymyzda geçirilen Türkmen-hytaý işewürler forumynyň ähmiýetine hem ünsi çekdi.
— Aşgabatda geçirilen Türkmen-hytaý işewürler forumyna «Hazar Logistik» kompaniýasy hem işjeň gatnaşdy. Ähmiýetli forumyň «Ýewraziýa geçelgesi: täze netijeli logistika ekoulgamynyň kemala gelmegi» atly üçünji bölüminde çykyş etmek bilen, logistika kärhanamyzyň mümkinçiliklerini beýan etmek meniň üçin uly mertebe boldy.
Bu gün Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň «Bir guşak — bir ýol» başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideriniň taryhy taýdan Türkmenistanyň ýüreginden geçen Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek baradaky başlangyjy bilen sazlaşykly utgaşýar. Biz bu başlangyçlara diňe bir logistik taslama hökmünde däl, eýsem, ykdysady integrasiýanyň täze tapgyry hökmünde garaýarys.
Bu gün Hytaýda amala aşyrýan işlerimizi kärhanamyzyň uly üstünligi hökmünde görkezip bileris. Iu şäherindäki ýöriteleşdirilen şahamçamyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kuwwatly hereketlendirijisine öwrüldi. Şeýlelikde, biz 2025-nji ýylda Iudaky şahamçamyz arkaly 1 müň 500 konteýneri ugradan bolsak, şu ýylky görkezijimiz eýýäm 2 müň konteýnerden geçdi. Ösüş depginini göz öňünde tutup, ýylyň ahyryna çenli 5 müň konteýnerlik netijä ýetmegi meýilleşdirýäris.
Muhammet Sähedow kärhananyň «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyryna gatnaşmaga taýýardygyny hem beýan etdi.
— Ýeri gelende bellesek, «Hazar Logistik» kompaniýasynyň professional derejedäki işi onuň «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga doly taýýardygyny tassyklaýar. Onuň multimodal gatnawlar boýunça tejribesi bu strategik taslama üçin ygtybarly daýanç bolar. Biz ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleriniň şeýle iri taslamalara işjeň gatnaşyp, halkara bazaryndaky ornuny pugtalandyrmagy üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys — diýip, kompaniýanyň esaslandyryjysy sözüniň üstüni ýetirdi.
Türkmen-hytaý işewürler forumynyň çäklerinde «Hazar Logistik» hojalyk jemgyýeti we Hytaýyň «Wenzhou Xinjiang Trading Co., LTD.» kompaniýasy logistika hem-de deňiz flotuny ösdürmek ulgamynda özara düşünişmek we strategik hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdiler. Bu resminama ýük daşamalaryny guramak, logistik infrastrukturany ösdürmek, şeýle hem deňiz gämilerini satyn almak we satmak, olary tehniki taýdan ulanmak boýunça strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda taraplaryň meýillerini kesgitleýär.