«Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň diwarlygy «Russiýa — Yslam dünýäsi: hyzmatdaşlyk EXPO» sergisiniň bezegine öwrüldi

MilliInfo

3 sagat öň

«Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2026» XVII halkara ykdysady forumynyň çäginde geçirilýän  «Russiýa — Yslam dünýäsi: hyzmatdaşlyk EXPO» sergisiniň giň meýdançasyny «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň diwarlygynyň bezemegi ýurdumyzyda hususy pudagyň eýe bolan ajaýyp üstünliklerini giňden şöhlelendirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Kärhana Türkmenistanyň milli pawilýonyndaky diwarlygynda ýol gurluşygy, ýaşaýyş we senagat infrastrukturasynyň taslamalary hem-de mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Bu çykyş gatnaşyjylaryň, maýadarlaryň we yslam dünýäsiniň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

Türkmenistanyň iň iri gurluşyk kompaniýalarynyň biri hökmünde «Ojar Aziýa» öz öňdebaryjy infrastruktura taslamasy bolan ýokary tizlikli «Sarahs — Mary — Serhetabat» awtomagistralyny tanyşdyrdy. Bu taslama diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin strategik ähmiýete eýedir. Çünki bu awtoulag ugry «Lapis — Lazuli» integrirlenen multimodal üstaşyr-ulag ulgamynyň möhüm bölegi hasaplanylýar.

Taslamanyň halkara häsiýeti oňa aýratyn ähmiýet berýär. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda gol çekilen ylalaşyk esasynda döredilen «Lazuli» geçelgesi sebitiň döwletleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy, logistiki baglanyşygyny güýçlendirmek hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin möhüm platforma öwrüldi. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtlaryň köpüsi yslam dünýäsine wekilçilik edýär.

Esasy ulag taslamasyndan başga-da, diwarlykda «Ojar Aziýa» hususy kärhanasyna degişli beýleki kompaniýalaryň mümkinçilikleri görkezildi. Olaryň arasynda «Garagum Transit», «TMT Consulting Group», «Türkmen hukukçylar topary» (THT), şeýle hem «Amatly çözgüt» IT kompaniýasy bar. Bu ekspozisiýa kärhananyň gurluşykdan logistika çenli, şeýle-de konsalting, hukuk hyzmatlary we sanly çözgütler ugurlarynda giň mümkinçiliklere eýedigini görkezdi.

«Ojar Aziýa» kompaniýasynyň «KazanForum & Expo» çärelerine gatnaşmagy diňe bir türkmen işewürliginiň halkara meýdançadaky mümkinçiliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň Ýewraziýa hem-de yslam dünýäsi ýurtlarynyň arasynda ulag, maýa goýum we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilmekdäki netijeli ädimleriniň beýany bolup dabaralandy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info