Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanlylary ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we halkara çäreleriň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady

MilliInfo

8 sagat öň

Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 12-nji dekabrynda biz hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny giňden belläp geçdik.

Hemişelik Bitaraplyk jebisligimiziň, abadançylygymyzyň esaslaryny düzýän taglymatymyzdyr. Hemişelik Bitaraplygymyz biziň milli buýsanjymyzdyr, parahatçylygyň, ynanyşmagyň şöhratly ýoludyr. Bagtyýar halkymyzyň agzybirligi bilen, geçen 30 ýylyň içinde hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek boýunça taryhy işler durmuşa geçirildi. Şu günümiziň we geljegimiziň aýdyň bolmagy üçin ägirt uly işler bitirildi, belent sepgitlere ýetildi. Elbetde, munuň aňyrsynda Watana bolan söýgimiziň, halal zähmetimiziň, yhlasymyzyň durandygyny unutmaly däldiris.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandym. Munuň özi türkmen halkynyň meniň zähmetime beren ýokary bahasy bolup durýar. Şoňa görä-de, ýubileý medalynyň gowşurylmagyny mähriban halkymyň maňa bildirýän uly ynamy, alyp barýan işlerimiziň ykrar edilmesi hökmünde kabul edýärin. Bu uly sylag mähriban halkymyň, berkarar Watanymyzyň abadançylygy we gülläp ösmegi ugrunda güýjümi gaýgyrman, tutanýerli işlemäge borçly edýär.

Hormatly adamlar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyzda uly üstünlikler gazanyldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üçünji gezek ykrar edildi. Bu bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny toýlaýan ýylymyzyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi döwletimiziň şan-şöhratyny has-da beýgelden wakalaryň biri boldy.

Ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Topara ýolbaşçylyk etmek bilen, ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýan köp sanly çäreleri üstünlikli geçirdik.

Gün-günden gözel keşbe girýän, özboluşly binagärlik gurluşy bilen tapawutlanýan paýtagtymyz Aşgabat şäheri ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi. Munuň özi Aşgabat şäherini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahat ýokary derejede geçirildi. Bu maslahat ýurdumyzda dürli kärde zähmet çekýän zenanlaryň zähmetine uly hormat goýulýandygyny, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini ýene-de bir gezek görkezdi.

12-nji dekabrda Aşgabat şäherinde döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde halkara forum hem üstünlikli geçirildi. Dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bu halkara forum ýylyň esasy syýasy wakalarynyň biri boldy. Bu iri çäre ýurdumyzyň Bitaraplyga, parahatçylyk söýüjilige esaslanýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginde giňden goldanylýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Umuman, bu halkara çäreler ata Watanymyzyň şan-şöhratyny beýgeltdi, halkara abraýyny has-da artdyrdy.

Pursatdan peýdalanyp, mähriban halkymyzy hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy hem-de halkara çäreleriň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Eziz watandaşlar!

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitaby biziň ählimiz üçin uly sowgat boldy. Kitapda Bitaraplyk taglymatymyz, dünýäde parahatçylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyz hakynda täsirli maglumatlar jemlenipdir. Onda ýurdumyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýa esaslanýan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýeti giňden beýan edilýär. Hormatly Prezidentimizi «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolmagy hem-de täze eseriniň neşir edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!

Taryhyň ýene-de bir ýyly tamamlanyp barýar. Täze ýyl baýramy hem ýetip gelýär. Geljek ýyl Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýylydyr. Biziň bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr, gymmatly baýlygydyr, beýik ösüşlerimiziň nyşanydyr. Şoňa görä-de, ýetip gelýän bedew ýyly düşümli bolsun! «At — myrat» diýlişi ýaly, täze ýyl bagtyýar halkymyzy maksat-myradyna ýetirsin! Berkarar döwletimize rysgal-bereket getirsin! Geljek ýylda hem uly üstünlikler, bagtyýar günler mundan beýläk-de dowamat-dowam bolsun!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info