Sagdyn hem sporty söýýän ýaşlar — Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daýanjy

MilliInfo

2 sagat öň

Türkmenmetbugat
Sagdyn hem sporty söýýän ýaşlar — Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daýanjy

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny hem-de döwletli ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz tagallalary netijesinde, ýaş nesliň köpçülikleýin bedenterbiýä we professional sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek ugrundaky giň gerimli işleriň ähmiýetinden söhbet açmak diýseň ýakymly. Watanymyzda gurlup ulanmaga berlen döwrebap sport desgalary, bilim edaralary, döredilýän täze hünärler, ýurdumyzda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän sebit, dünýä we halkara derejesindäki sport ýaryşlary ýaşlar hem türgenler üçin uly mümkinçilikleri açýar. Türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleri üçin dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyzyň Şa serpaýlaryna eýe bolmaklary bolsa  Türkmenistanda gazanýan ajaýyp netijeleri bilen Watana şan getirýän türgenlere goýulýan belent hormatyň nyşanydyr. Munuň özi jemgyýetimizi sagdyn durmuş ýörelgesine, sportda ýokary netijelere höweslendirýär we halkymyzda belent ruhy galkynyş döredýär. Sagdyn ýaş nesli kemala getirmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalary köpçülikleýin bedenterbiýäniň hem-de professional sportuň barha dabaralanmagynda öz mynasyp beýanyny tapýar.

Türgenleriň, tälimçileriň we degişli hünärmenleriň taýýarlanylyşy barada aýdylanda bolsa, indi birnäçe onýyllyklaryň dowamynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan netijeli işler utgaşdyrylýar. Bu ýokary okuw mekdebiniň binýadynda türgenler, tälimçiler we beýleki hünärmenler taýýarlanyp, olar okuwlaryny tamamlanlaryndan soň sport ulgamyny ösdürmek, sagdyn jemgyýeti wagyz etmek hem-de kemala getirmek ugrunda döredijilikli we ýadawsyz zähmet çekýärler. Watanymyzyň taryhynda ilkinji olimpiýa medalyny hem institutymyzyň uçurymy Polina Gurýewanyň gtalyplyk ýyllarynda gazanandygyny aýratyn buýsanç bilen bellemek isleýärin. Şeýle hem ähli milli ýygyndy toparlaryň özenini institutymyzyň talyplarynyň we uçurymlarynyň düzýändigini nygtamak zerurdyr. Elbetde, ýurdumyzda sport hemmeler üçin we hemme ýerde elýeterlidir: beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, hatda mekdep okuwçylary hem biziň talyplarymyz bilen bir hatarda, milli ýygyndy toparlaryň düzüminde üstünlikli çykyş edýärler. Soňky ýyllarda türgenlerimiz dürli ýaş toparlarynda, aýratyn-da 21 we 23 ýaşa çenli bolan toparlarda Watanymyzyň medallar gaznasyny yzygiderli baýlaşdyrýarlar, bu bolsa biziň talyplarymyzyň milli ýygyndylara işjeň çekilýändigini we uly üstünliklere eýe bolýandygyny ýene bir gezek aýdyň subut edýär. Sport bäsleşiklerine türgen hökmünde gatnaşmak bilen bir hatarda, institutymyzyň talyplary beýleki okuw mekdeplerindäki deň-duşlary bilen bilelikde janköýer hökmünde hem ýygyndy toparlarymyzyň wekillerini yzygiderli we tüýs ýürekden goldaýarlar. Futboluň dilinde aýdylyşy ýaly: «Janköýer — on ikinji oýunçy». Halkara giňişliginde üstünlikli çykyş edýän türgenlerimiz janköýerleriň goldawynyň  möhüm netijelere uzaýan ýolda diýseň uly ähmiýete eýedigini aýratyn belleýärler.

Biz ýokary okuw mekdebimiziň ähli professor-mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň adyndan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine halal zähmet çekmek üçin giň şert-mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, bütin adamzadyň we mukaddes Watanymyzyň bähbidine gönükdirilen beýik başlangyçlarynyň we tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris

Işanguly Meretnyýazow,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy, halkara derejeli emin.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info