Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary netijesinde ýurdumyzda bedenterbiýä we sporta berilýän ähmiýet täze derejä çykýar. Dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän köpugurly sport toplumlary, döwrebap stadionlar, sport meýdançalary, sagaldyş merkezleri, fitnes toplumlary, trenažor zallary hem-de suw howuzlary islendik ýaşdaky watandaşlarymyzyň sport bilen meşgullanmagy ugrunda döredilýän giň mümkinçilikleriň subutnamasydyr.
Ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy professional sportda ýetilýän üstünlikler bilen birlikde, sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmeginde hem uly mümkinçilikleri açýar. Kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi bolsa bedenterbiýäniň we sportuň jemgyýetdäki ornuny täze derejä çykarýar. Şunlukda, ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny berkitmäge, bedenterbiýäni ösdürmäge hem-de professional sporty kämilleşdirmäge gönükdirilen möhüm kanunlardyr kadalaşdyryjy resminamalar hereket edýär. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bu ugurda esasy resmina hökmünde çykyş edýär.
Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport ulgamyndaky başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolmagy bolsa Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işleriň halkara ähmiýetinden habar berýär. Bu hakykat ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sporta, welosiped hereketine we durnukly ösüşe bagyşlanan birnäçe Kararnamalarynyň awtory bolup duýandygynda ýa-da awtordaşy hökmünde çykyş edýändiginde hem aýdyň beýanyny tapýar:
«Bütindünýä welosiped güni» (2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde kabul edildi) — bu Kararnama welosipediň ýönekeý, elýeterli, ygtybarly we ekologik taýdan arassa ulag serişdesi hökmündäki ähmiýetini belläp, 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» (World Bicycle Day) diýip yglan etdi.
«Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» (2022-nji ýylyň 15-nji martynda kabul edildi) — bu resmina BMG agza bolan 193 döwletiň doly ylalaşmagy (konsensusy) esasynda kabul edildi. Kararnama welosiped ulagyny şäher düzümine goşmaga, ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga we howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge gönükdirilendir.
Kararnamalaryň esasy maksatlary:
Sagdyn durmuş ýörelgesini we köpçülikleýin sporty wagyz etmek;
Uglerod gazynyň zyňyndylaryny azaltmak we şäherlerdäki ekologik ýagdaýy gowulandyrmak;
Elýeterli we howpsuz ulag düzümini ösdürmek.
Bu gün türkmen türgenleriniň ähli derejedäki halkara ýaryşlara üstünlikli gatnaşmagy, eminlerimiziň halkara bäsleşikleriniň jogapkärli duşuşyklaryna eminlik etmegi milli sportumyzyň mümkinçilikleriniň dünýäde dabaralanmasydyr. Milli sport federasiýalary, ýurdumyzyň Dopinge garşy göreş barada Milli agentligi, Milli Olimpiýa komitetiniň agzalary Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň we beýleki degişli guramalaryň howandarlygynda geçirilýän dürli çärelere işjeň gatnaşýarlar. Şeýle hem Türkmenistan dürli forumlara, maslahatlara we sergilere gatnaşmak bilen çäklenmän, olary ýokary derejede kabul edýän döwlet hökmünde tanalýar. Bu ugurda her ýyl geçirilmesi asylly däbe öwrülen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini we ylmy maslahaty aýratyn bellemek gerek. Çünki ol tejribe alyşmak hem-de ýurdumyzyň kuwwatyny dünýä jemgyýetçiligine görkezmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň kepilidir. Pursatdan peýdalanyp, sporty we bedenterbiýäni ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny , döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
