Täze teatr we sirk möwsümi — medeni durmuşymyzyň bezegi

Agamyrat BALTAÝEW

1 sagat öň

Täze teatr we sirk möwsümi — medeni durmuşymyzyň bezegi

Dünýäniň teatr we sirk sungatynda her ýylyň güýzünde täze döredijilik möwsüminiň dabaraly açylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi sahna oýunlarynyň we sirk tomaşalarynyň muşdaklaryny diýseň begendirýär. Çünki her ýylyň täze döredijilik möwsümi tomaşaçylara täze eserlerini eçilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli içeri we daşary syýasatyny, ýurdumyzda gazanylýan ösüşleri, türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynda kemala gelen däp-dessurlaryny, watansöýüjilik, merdanalyk, ynsanperwerlik ýaly belent häsiýetlerini ussatlyk bilen açyp görkezmek, ýaşlarymyzy parasatly pederlerimiziň ruhlaryna ygrarly, watanperwer nesil edip terbiýelemek, teatrlarda goýulýan oýunlaryň hilini we täsirliligini ýokarlandyrmak ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň baş wezipeleriň biri bolup durýar. Täze teatr möwsüminiň açylyşy mynasybetli halk köpçüligine hödürlenilýän oýunlarynyň maksady  «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen tomaşaçylarynyň ruhy isleglerini kanagatlandyrmak, teatr işgärlerini täze döredijilik üstünliklerine höweslendirmek bolup durýar. Ýurdumyzyň teatrlarynda we sirklerinde türkmen halkynyň beýik gahrymançylygyna, halkymyzyň bagtyýarlygyna, watansöýüjilige, şöhratly bedewlerini wasp etmäge bagyşlanan eserleriň görkezilişini guramak Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň dabaraly bellenilmegine özboluşly goşant bolar.

Sahna oýunlarynyň aglabasy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dana paýhasyndan dörän çuň mazmunly eserleriniň esasynda döredilip, olarda halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan hem-de  adamzadyň ruhy hazynasyna öwrülen medeni baýlyklarymyz giňden dabaralanýar.

Ýurdumyzda giňden bellenilýän «Bilimler we talyp ýaşlar güni» – 1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Baş akademiki drama teatry, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, dramaturg G.Daňatarowyň «Süýji durmuşyň gapysy» atly sahna oýny bilen teatr söýüjilere gapylaryny giňden açar. Bu sahna oýnunda watanperwerlik, zähmetsöýerlik, ýaş nesilleriň giň gözýetimli, ylym-bilimli bolmak hem-de ruhubelentlik ýaly beýik adamçylyk duýgularynyň bagtly ýaşaýşyň açary bolup durýandygy  gyzykly wakalaryň üsti bilen beýan edilýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Magtymguly Pyragynyň şygyrlary esasynda «Atdyr ýigidiň myrady» atly sahna oýny bagtyýar watandaşlarymyza hödürlenýär. Şowhunly aýdym-saz eserleri bilen utgaşyp gidýän wakalaryň jümmüşinde Görogly begiň Gyrata bolan söýgüsi dabaralanýar. Bu sahna oýnunda halkymyzyň bedewe hormaty hem-de parasatly pederlerimiziň halkyň agzybirligine bolan pelsepewi garaýyşlary çeper şöhlelendirilýär.

Arkadag şäheriniň A.Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Argamaklar» atly sahna oýny tomaşaçylara hödürleýär. Sahna oýnunda Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eserinde  bedewe hormat, agzybirlige, halallyga, bagtly durmuşa we geljege bolan uly umyt, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge çagyryp, adamzada gönükdirilip ýazylan parasatly pelsepeleri gyzykly durmuş wakalarynyň üsti bilen çeper beýan edilýär.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly eseri esasynda döredilen Ş.Salyhowyň «At sarpasy» atly sahna oýny bilen teatr möwsümini açýar. Sahna oýnunyň esasy ýordumy bedewdir. Bedew, Watan, ene toprak, döwlet, milletiň mertebesi ýaly mukaddeslikleri özünde jemleýän bu sahna eseriniň baş gahrymanlary belli taryhy şahslar – Soltan Söýün bilen onuň wepaly ýary Gülpamyň, soltanyň söwer dosdy Myralynyň arasyndaky bolup geçýän wakalar gyzykly görnüşde sahnada janlandyrylýar.   

 A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda  M.Mämmetgurbanowyň «Türkmeniň bagty» atly pýesasy esasynda O.Wolkowanyň sahnalaşdyran sahna eseri tomaşaçylara hödürlenýär. Oýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen Magtymguly Pyragynyň ynsan kalbyna şugla çaýýan pähim-paýhasynyň dünýäde dabaralanýandygyna, adamzat nesilleriniň türkmeniň akyldar ogluna bolan belent hormat-sarpanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýän gyzykly wakalar çeper beýan edilýär.

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik toparynyň «Dostlar» atly gurjak oýny bagtyýar çagalaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrar. Gurjak oýnunda parasatly pederlerimiziň nakyla öwrülen setirleriniň üsti bilen ene-ata, mugallym-halypalara hormat-sylag, tebigata bolan söýgi wasp edilýär.

Täze teatr we sirk möwsümi welaýatlarymyzyň teatrlarynyň sahnalarynda hem dabaraly açylyp, tomaşaçylarda ýatdan çykmajak ruhy joşguny döreder.  Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda «Bedew rowaýaty»  atly sahna oýny görkezilýär. Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Goly sazly, tili sözli Görogly»,  Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «At-myrat», Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda «At göçümi» atly sahna oýunlary teatr muşdaklaryna hödürlener.

Täze teatr we sirk möwsüminiň açylmagy mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynda we sirklerinde beýik söz ussadynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan sahna oýunlarynyň, sirk tomaşalarynyň bagtyýar watandaşlarymyza hödürlenmegi 1-nji sentýabrda ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli özboluşly toý sowgady bolýar.

Bagtyýar watandaşlarymyzy, mähriban ýaşlarymyzy täze teatr we sirk möwsüminiň dabaraly açylyşlaryna tomaşa etmäge çagyrýarys.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info