Türkmen mukamlary Berlinde ýaňlandy

MilliInfo

13 Awgust, 2026

Türkmen mukamlary Berlinde ýaňlandy

Şu günler Germaniýa Federatiw Respublikasynyň paýtagty Berlin şäherinde «Young Euro Classic» atly halkara ýaşlar orkestrleriniň festiwaly geçirilýär. «Konzerthaus» diýlip atlandyrylýan sungat ojagynda guralýan çärelere dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan zehinli sazandalar gatnaşýarlar. Ýaş ýerine ýetirijiler üçin zehin-başarnygyny görkezmekde halkara ähmiýetli sungat baýramçylygyna ýurdumyzdan Türkmenistanyň ýaşlar simfoniki orkestri wekilçilik etdi. Ýaş sazandalarymyzyň dostlukly döwlete döredijilik sapary şu ýylyň 8 — 10-njy awgusty aralygynda guraldy.

2000-nji ýylda esaslandyrylan festiwala gatnaşmak her bir ýaş sungat adamynyň ykbalynda täze gözýetimleri açýar. Muny onuň «Ýaşlaryň geljegi şu ýerde başlanýar» diýen şygary-da tassyklaýar. Çäräniň maksady dürli ýurtlardan zehinli ýaş sazandalary bir sahnada birleşdirmekden, nusgawy saz sungatyny ösdürmekden, medeni alyşmalary ýaýbaňlandyrmakdan, döredijilik gatnaşyklaryny berkitmekden ybaratdyr. Gadymy sahnada dürli ýurtlaryň iň tanymal ýaşlar orkestrleri çykyş edýärler, kompozitorlarynyň täze eserleri ilkinji gezek sungat muşdaklaryna ýetirilýär. Onuň ýene bir esasy aýratynlygy ýaş sazandalara dürli halklaryň sungat wekilleri bilen duşuşmaga, pikir-tejribe alyşmaga, hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ajaýyp mümkinçiligi döredýändigidir. Festiwalyň jemleri boýunça bilermenler topary tarapyndan gatnaşyjylaryň arasyndan dünýäniň iň naýbaşy ýaşlar orkestri saýlanyp-seçilýär. Şonuň üçin ol türkmen ýaş sazandalary üçin-de milli aýdym-saz sungatymyzy dünýä ýaýmakda möhüm halkara çäredir.

Halkara saz baýramçylygy 9-njy awgustda Türkmenistanyň ýaşlar simfoniki orkestriniň çykyşy bilen dowam etdi. Türkmenistanly ýaş sazandalaryň Ýewropanyň ýüreginde ýaňlandyran dostluk mukamlary festiwala gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Döredijilik toparynyň düzümi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplaryndan, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň, ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň sungat ugurly okuw mekdepleriniň mugallymlaryndan hem-de Döwlet simfoniki orkestriniň zehinli sazandalaryndan ybarat bolup, oňa Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjow dirižýorlyk etdi. Ýaş nemes sazandalaryny höweslendirmek maksatnamasynyň çäklerinde tejribe alyşmak maksady bilen, zehinli sazanda Ýakob Sili türkmen orkestriniň düzüminde çykyş etdi.

Konserte 1 müň 300-e golaý tomaşaçynyň hatarynda Berlinde ýerleşýän daşary ýurt ilçihanalarynyň wekilleri, tanymal sazandalar we Germaniýanyň dürli künjeklerinde ýaşaýan türkmenler hem muşdaklyk etdi. Onuň maksatnamasynda Çary Nurymowyň joşgunly fortepiano konserti, Weli Muhadowyň «Meniň Watanym» simfoniki poemasy, Nury Halmämmedowyň «Türkmenistan» simfoniki şekilleri hem-de «Aýgytly ädim», «Keçpelek» kinofilmleriniň unudylmajak sazlary, dünýä saz sungatynyň dürdäne eserleri orun aldy. Ýerine ýetirilen mukamlar tomaşaçylarda çuňňur täsir galdyryp, dowamly el çarpyşmalara mynasyp boldy.

Festiwalyň şertine laýyklykda, Türkmenistanyň ýaşlar simfoniki orkestri ýaş amerikan kompozitory Aýdan Golduň Watanymyzyň tebigy gözelligini döwrebap saz dili bilen beýan edýän «Songs from Turkmenistan» hem-de fransuz kompozitory Pýer Thilloýyň çuňňur pelsepewi eserlerini Berlin sahnasynda ilkinji gezek Ýewropa diňleýjilerine ýetirdi.

Meksikaly kompozitor Arturo Markeziň «Danzon No. 2» atly şowhunly eseri konsertiň jemleýji çykyşy boldy. Festiwalyň guramaçylary, konserte gatnaşan sungaty söýüjiler türkmen sazlarynyň özboluşly dünýäsine, Türkmenistanyň ýaşlar orkestriniň we onuň dirižýory Resul Gylyjowyň olary ýerine ýetiriş ussatlygyna ýokary baha berdiler. Halkara saz forumynyň netijeleri şu ýylyň 16-njy awgustynda jemleniler. Oňa ýurdumyzyň ýaşlardan ybarat döredijilik toparynyň gatnaşmagy türkmen saz sungatynyň halkara medeni giňişligindäki ornunyň has-da pugtalanýandygyny görkezýär.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň ýaşlar simfoniki orkestri Ýewropanyň sahnalarynda yzygiderli çykyş edip gelýär. Muňa mysal hökmünde olaryň 2014-nji ýyldan bäri ýaş zehinleriň Baýrot festiwalyna ençeme gezek gatnaşandygyny, 2024-2025-nji ýyllarda Awstriýanyň Wena şäherinde Bütindünýä orkestr festiwalynda baş baýraga mynasyp bolandygyny görkezmek bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info