Ynsan saglygy — döwletiň baş baýlygy

17 Sentýabr, 2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallary bilen jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmekde, kopçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdurmekdebeýik işler durmuşa geçirilýär. Sagdynlygyň ýurdy, ruhubelentligiň mekany hasaplanýan Türkmenistan Watanymyzda ynsan saglygynyň goragyny ýokary derejede üpjün etmek maksady bilen uly işler alnyp barylýar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän, zyýanly endiklerden daşda durýan raýatlaryň yzygiderli artýandygy, ýaşlaryň arasynda sport we bedenterbiýe bilen meşgul bolýanlaryň köpelýändigi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmekde, ilatyň saglygyny goramakda alyp barýan toplumlaýyn işleriniň netijesi bolup durýar. Şunlukda, bu gün — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzda jemgyýetiň, halkyň saglygyny gorap saklamak meseleleri ilkinji orna çykaryldy. Çünki sagdyn jemgyýet ruhubelent we maksada okgunly ynsanlaryň täze nesliniň kemala gelmeginiň möhüm tapgyrydyr. Şeýle adamlar umumymilli maksatlaryň daşynda jebisleşýärler, ol ýurtda durnukly durmuş-syýasy ýagdaýyň hem-de durnukly ösüşiň, raýat we demokratik kämilliginiň möhüm bölegi bolup durýar. Ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy her bir raýatyň saglygynyň umumymilli gymmatlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny tassyklaýar. Şunda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem «Il saglygy - ýurt baýlygy» diýen şygardan ugur alnyp, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde beýik işler amala aşyrylýar. Döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde bina edilýän täze, döwrebap saglygy goraýyş maksatly binalaryň ulanmaga berilmegi bilen halkymyz halkara ölçeglere kybap lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. Şunuň bilen birlikde, dermanhanalar ulgamyny giňeltmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar, olarda isleg bildirilýän derman serişdeleriniň hem-de lukmançylyk maksatly önümleriň giň görnüşleri hödürlenilýär.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini dabaralandyrmak ugrunda ýaýbaňlandyrýan çäreler ýaş nesliň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlaryny ilkinjileriň hatarynda goldaýandyklaryny ýene bir ýola subut edýär. Sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek döwrümiziň ajaýyp nyşanyna öwrüldi.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy, azyk ulgamynyň düzüminiň we görnüşleriniň gowulandyrylmagy, arassaçylyk-ekologiýa kadalarynyň üpjün edilmegi, adamlaryň zähmet çekmek, durmuş hem-de dynç alyş şertleriniň gowulandyrylmagy üçin döredilýän mümkinçilikler halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Munuň üçin her birimiziň Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş-hoşallyklarymyz çäksizdir.

Göwher OTUZOWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň assistenti.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo