Akyly bilen diýseň uly maýa edinen Bill Geýts dünýäniň iň baý adamlarynyň biri hökmünde meşhurdyr. Şol sebäpden hem, biz Bill Geýtsiň tejribesinden üstünligiň 10 syryny size hödürlemek isleýäris.
1. Bäsdeşleriňizi öwreniň. Geýts bäsdeşleriniň web saýtlaryna girmegi gündelik endigine öwrüpdir.
2. Aýgytly karara gelmegi başaryň. Menejeriň esasy işi iň erbet habarlary hem batyrgaýlyk bilen garşylamakdyr. Sowukganlylygy saklaň, şonda islendik mesele has çalt çözüler. Elmydama ilki erbet habary, soň bolsa gowy täzeligi bilmäge synanyşyň.
3. Internete ünsüňizi gönükdiriň. Geljek şoňa baglydyr. Has takygy geljek ýyllarda diňe iki görnüşli kompaniýa bolar: onlaýn işleýänler we telekeçiligi bes edenler.
4. Üstünlige üns bermäň. Ol aldawçy we wagtlaýyn närsedir. Bir maksada ýeteniňizden soň hem oturmaň, dessine täze işe başlaň. Çünki bäsdeşleriň hiç biri boş oturmaýar.
5. Ösüş üçin zerur şertleri dörediň. Tejribeli ýolbaşçynyň maksady garamagyndaky işgärler üçin iň gowy iş gurşawyny döretmekdir. Olar muňa öz zähmetleriniň netijesi bilen jogap berýärler.
6. Şu gün başlaň. Eger, zähmet çekmek üçin hödürlenýän şert size ýaramasa — öz işiňizi dörediň! Bil Geýts öz biznesine ammarda (garažda) başlady. Hakykatdan hem, özüňizi gyzyklanýan zatlara wagt sarp ediň.
7. Oýlanyň. Jemlenen meseleleriň çözgütleri hakynda pikirlenmek üçin ýylda birnäçe gezek adaty gurşawy terk ediň.
8. Ýeňlişe sezewar bolmakdan gorkuň. Ýerine ýetirmezden ozal meýilleşdirýän hereketleriňiziň — geljekki ädimleriňiziň dogrulygyna şübheleniň we belli bir çözgüdi kabul ediň.
9. Täze tehnologiýalara bil baglaň. Elektron maglumatlar «gudrat» döretmäge ukyplydyr.
10. Köpçülikden saýlanyň. Ol hemişegerekli ugra tarap gidenok. Şonuň üçin hem, elmydama öz ösüş ýoluňyzy saýlaň.