«Hazar Logistik» kompaniýasy (Türkmenistan) aşakdaky wezipeler boýunça hünärmenleri çagyrýar:
Logist
Satuw boýunça menejer (utgaşdyryjy)
Biz seni gözleýäris, eger sen:
✔ Müşderileri tapmagy we gepleşikleri netijeli alyp barmagy başarýan bolsaň;
✔ Çylşyrymly logistik meseleleri çözmäge ukyply bolsaň;
✔ Köp wezipelilik şertlerinde ynamly işläp bilýän bolsaň.
Talaplar:
Logistika ulgamynda azyndan 2–3 ýyl iş tejribesi;
Hökman bilmeli diller: türkmen, rus, iňlis (beýleki dilleri hem bilmek artykmaçlykdyr);
Hytaý dilini bilmek goşmaça artykmaçlyk berýär;
Ýokary bilim (logistika ugry boýunça ýokary bilimiň bolmagy artykmaçlyk berýär, emma bu hökmany zerurlyk däl);
Erkek adamlar hökman harby gullugy tamamlan bolmaly;
Logistik ulgamlar we programmalar bilen işlemek ukyby;
Jogapkärçilik, aragatnaşyk ukyby (kommunikabellik) we netije üçin işlemek.
Wezipeler:
Logist üçin:
Ýük daşamalaryny meýilleşdirmek we guramak;
Gatnawlara we eltiş möhletlerine gözegçilik etmek;
Ugurlary we çykdajylary optimallaşdyrmak;
Daşaýjylar bilen hyzmatdaşlyk etmek;
Ugrukdyryş resminamalaryny barlamak;
Daşama döwründe ýüze çykýan meseleleri çözmek.
Satuw boýunça menejer (utgaşdyryjy) üçin:
Täze müşderileri gözlemek we müşderi binýadyny ösdürmek;
Gepleşikleri geçirmek we şertnamalary baglaşmak;
Bar bolan müşderiler bilen gatnaşyklary saklamak;
Bazary we bäsdeşlik gurşawyny seljermek;
Daşama döwründe ýüze çykýan meseleleri çözmek.
Biz hödürleýäris:
Bäsdeşlige ukyply zähmet haky;
Professionallyk babatda ösüş mümkinçilikleri;
Durnukly kompaniýada işlemek;
Döwrebap ofislerdäki amatly iş şertleri.
Rezýumeleri kabul etmek 17-nji ýanwardan 1-nji fewrala çenli dowam edýär.
Rezýumeler şu elektron poçta arkaly kabul edilýär:
ops@hazarlogistik.com
Eger görkezilen talaplara laýyk gelýän bolsaňyz we toparymyzyň bir bölegi bolmak isleýän bolsaňyz — biz size garaşýarys!