Hamal (21.03 — 20.04)
6-njy sentýabrda her bir pikiriňiz ýitiligi hem täsirliligi bilen tapawutlanar.
Sowur (21.04 — 20.05)
Bu gün size rahatlygyň gaýtalanmajak sazlaşygynyň hözirini peşgeş berer.
Jöwza (21.05 — 21.06)
Günüň her bir pursaty siziň üçin many-mazmuna ýugrulan setirlere öwrüler.
Seretan (22.06 — 22.07)
Bu gün siziň üçin ümsüm hem parahat kenara meňzär — haýallyk bilen gelýän her bir tolkun geçmişiň we geljegiň bölejigini getirýän ýalydyr. Säheriňiz duýguly oýanmak bilen başlanar.
Eset (23.07 — 23.08)
6-njy sentýabr siziň üçin her bir pursaty haýran galdyryjy täsirler bilen bezelen şahsy baýramyňyza öwrüler.
Sünbüle (24.08 — 23.09)
Sünbüleler üçin bu gün her bir notasy öz wagtynda ornuny tapýan, üns bilen düzülip taýýarlanan ajaýyp saz eseri ýaly bolar. Günüňiz lezzetli hem ýeňil geçer.
Mizan (24.09 — 23.10)
Mizanlar üçin bulaşyklyk bilen sazlaşygyň arasyndaky deňagramlylyk kadalylyga öwrüler.
Akrap (24.10 — 22.11)
Her bir tolkun kalbyň gizlin gatlaklaryny ýüze çykarýan çuňluga aralaşmak ýalydyr. Muňa garamazdan, arzuwlaryňyza tarap hereket etmegi dowam etdiriň.
Kowus (23.11 — 21.12)
Tötänlik siziň üçin ykbala öwrülip biler.
Jedi (22.12 — 20.01)
Her bir meselä akylly-başly çemeleşmäge çalşyň. Çünki bu gün siz gözýetimden aňrysyny gödrüp bilmersiňiz.
Daluw (21.01 — 20.02)
Pikirleriňiz ozalky çarçuwasyndan çykyp biler. Bu, aýratyn hem, döredijilik babatda şeýle bolar.
Hut (21.02 —20.03)
Günüň dowamynda döredijilik akymynyň tolkunlary töweregiňizi gurşap alsa geň görmäň. Sizde goşgy ýazmak, aýdym aýtmak, surat çekmek ýa-da tans etmek islegi döräp biler.
Täleýnamalaryň umumy ugurlara esaslanyp döredilendigini we anyk wakalary ýa-da netijeleri çaklap bilmejekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Olar diňe her günki umumy ugry görkezip, degerli maslahatlary berýär. Hemişe bolşy ýaly, şahsy düşünjäňiz we erkinligiňiz tejribäňizi kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Size ýakymly we şowly gün arzuw edýäris!