Hamal (21.03 — 20.04)
Işewürlik boýunça aragatnaşyklara batyrgaý çemeleşip bilersiňiz.
Sowur (21.04 — 20.05)
Eger, ýaşaýyş jaýy bilen bagly mesele çözülýän bolsa ýalňyşmazlyk üçin parasatly çemeleşmek maslahat berilýär.
Jöwza (21.05 — 21.06)
Şu gün işleriňizde uly üstünlikleri çaklap bilersiňiz.
Seretan (22.06 — 22.07)
Ýakynlaryňyz hem-de dogan-garyndaşlaryňyz bilen çynlakaý meseleleri maslahatlaşmak üçin has amatly gün däl, olar öz pikirlerinde durarlar we muny üýtgetmek mümkin bolman biler.
Eset (23.07 — 23.08)
Birnäçe meseleleri çözmekde erkin häsiýetleriňiz kömege ýetişer.
Sünbüle (24.08 — 23.09)
Bu gün agyr işlere we batyrgaý meýilnamalary amala aşyrmaga laýyk gelýär.
Mizan (24.09 — 23.10)
Işleriňizde örän ünsli bolmaly, sebäbi ýönekeý bir ýalňyşlyk üçin maliýe zyýanyny çekip bilersiňiz.
Akrap (24.10 — 22.11)
Şu gün satyn alnan zatlar näsazlykly çykyp ýa-da tiz wagtdan siziň keýpiňizi gaçyryp biler.
Kowus (23.11 — 21.12)
Keýpiňizi gaçyrjak ýagdaýlaryň bolmagy ýa-da şeýle habarlaryň gelmegi mümkin.
Jedi (22.12 — 20.01)
Bu gün iş saparlary we gepleşikler üçin diýseň amatly gün bolar.
Daluw (21.01 — 20.02)
Planetalaryň ýerleşişi ähli işleriň adaty ýagdaýda alnyp barlyşyna päsgelçilik döredýär. Şol sebäpden hem, täze çemeleşmek gerek.
Hut (21.02 —20.03)
Köp duşuşyklar, umytlandyryjy gepleşikler bolar. Bu bolsa öňüňizde uly mümkinçilikleri açyp biler.
Täleýnamalaryň umumy ugurlara esaslanyp döredilendigini we anyk wakalary ýa-da netijeleri çaklap bilmejekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Olar diňe her günki umumy ugry görkezip, degerli maslahatlary berýär. Hemişe bolşy ýaly, şahsy düşünjäňiz we erkinligiňiz tejribäňizi kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Size ýakymly we şowly gün arzuw edýäris!