Hamal (21.03 — 20.04)
Eger, haýsydyr bir mesele bilen araňyza tow düşen dostlaryňyz bolup, olary uzak wagtlap görmedik bolsaňyz, şu gün hökman myhmançylyga çagyryň!
Sowur (21.04 — 20.05)
Size çynlakaý gürrüňdeşligiň ýakymsyz täsirinden gaçyp gutulmak başartmaz.
Jöwza (21.05 — 21.06)
Şu gün size işewürlik teklipleri bilen ýüz tutulmagy mümkin, emma ol dessine kabul edeniňize degmez. Çünki ol siz üçin has bir düşwüntli bolmaz.
Seretan (22.06 — 22.07)
Bu gün sungat bilen meşgullanmak üçin diýseň gowy bolar, biznes babatda bolsa tersine. Size diýseň ünsli bolmak gerek.
Eset (23.07 — 23.08)
Möhüm çözgütleri hem-de çynlakaý kararlary kabul etmek maslahat berilmeýär.
Sünbüle (24.08 — 23.09)
Iş boýunça ozal hiç haçan aragatnaşykda bolmadyk ýa-da uzak wagtlap görüşmedik adamlaryňyz bilen duşuşyklaryň bolmagy mümkin.
Mizan (24.09 — 23.10)
Agşam ýakymly myhmanlara garaşyp bilersiňiz.
Akrap (24.10 — 22.11)
Bu gün size söýgüde, şowly duşuşykda ýa-da beýleki möhüm dabaralarda uly üstünlikleri getirer.
Kowus (23.11 — 21.12)
Bu gün size maliýe ýitgileri garaşýar. Munuň siziň çakdanaşa umyt etmek häsiýetleriňiz bilen baglydygyny bellemek gerek.
Jedi (22.12 — 20.01)
Umyt eden adamlaryňyzdan garaşmadyk zatlaryňyz çykyp biler.
Daluw (21.01 — 20.02)
Işiňiz we ýakynlaryňyzyň öňündäki borçlaryňyz siziň üns merkeziňizde bolar.
Hut (21.02 —20.03)
Bu gün çynlakaý işlere baş goşmak maslahat berilmeýär, ertire çenli sabyr ediň!
Täleýnamalaryň umumy ugurlara esaslanyp döredilendigini we anyk wakalary ýa-da netijeleri çaklap bilmejekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Olar diňe her günki umumy ugry görkezip, degerli maslahatlary berýär. Hemişe bolşy ýaly, şahsy düşünjäňiz we erkinligiňiz tejribäňizi kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Size ýakymly we şowly gün arzuw edýäris!