17-nji sentýabryň Täleýnamasy gysga setirlerde

MilliInfo

17 Sentýabr, 2025

Hamal (21.03 — 20.04)

Bu gün Hamallar yzygiderli ýagdaýlaryň, adamlaryň, hatda töweregiň täsirine düşüp bilerler. Berk duruň, sebäbi siziň ähli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmak başarnygyňyz diýseň uly.

Sowur (21.04 — 20.05)

Sowurlara islendik derejedäki täze tanyşlyklara başlamak maslahat berilmeýär. Hatda dostluk gatnaşyklary hem garaşylmadyk derejedäki agyr netijeleri getirip biler. Şol sebäpden hem, bu gün size şeýle tanyşlyklara içgin çemeleşmek zerur däl.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Jöwzalar düýpli bir ýalňyşlyk goýbermek howpuny başdan geçirýärler. Şonuň üçin ähli resminamalary has ünsli barlaň...

Seretan (22.06 — 22.07)

Siz arzuwlaryňyza we meýilnamalaryňyza tarap gitmelisiňiz. Eger-de, biraz tagalla etseňiz, hökman öňde goýan maksadyňyza ýetersiňiz.

Eset  (23.07 — 23.08)

Esetler geljegi anyk meýilleşdirmelidirler. Hyýallardan daşda durup, diňe mantyk esasynda hereket ediň! Şeýle eden ýagdaýyňyzda, hökman maksatlaryňyz myrat tapar.

Sünbüle (24.08 — 23.09) 

Bu gün töweregizdäkilere düşünmekde kynçylyk çekmegiňiz mümkin. Hemmeler diýen ýaly biri-biri bilen düşnüksiz dillerde gepleşýän ýalydyr. Şonuň üçin hem, hereketlere we üns bermek hasnetijeli bolar.

Mizan (24.09 — 23.10)

Mizanlar diňe ikinji planda gezip ýörmek bilen çäklenmän, eýsem, töwerekdäkilere görä uýgunlaşmak ýagdaýyna düşmegi mümkin. Bu ýagdaý hem ýaramaz, hem gamgyn, hatda diýseň agyr bolup biler.

Akrap (24.10 — 22.11)

Şu gün Akraplar arkaýyn zähmet çekmekden gaça durmaly, ýöne dolulygyna dynç alyş tertibine geçmek hem maslahat berilmeýär, sebäbi dynçlykda size negatiw pikirler garaşýar.

Kowus (23.11 — 21.12)

Bu gün işde hem, öýde-de ähli güýjüňizi we ünsüňizi harçlamakdan çekinmäň. Siz hökman başararsyňyz.

Jedi (22.12 — 20.01)

Şu gün Jedilere özgeler bilen bagly bolan ýüpleri tapmak kyn bolar. Şonuň üçin hem, pikirleriňizi düşündirmek örän çylşyrymly bolup biler.

Daluw (21.01 — 20.02)

Size has tygşytly bolmak gerek. Arzanladyşlardan peýdalanmak ýerlikli bolar.

Hut (21.02 —20.03)

Hutlar möhüm duşuşyklary meýilleşdirmeli däl. Çünki gepleşikler kyn bolar. Aklyňyz gürrüldili ýagdaýda, pikirler bolsa dürli taraplara dagynyk bolup biler.

Täleýnamalaryň umumy ugurlara esaslanyp döredilendigini we anyk wakalary ýa-da netijeleri çaklap bilmejekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Olar diňe her günki umumy ugry görkezip, degerli maslahatlary berýär. Hemişe bolşy ýaly, şahsy düşünjäňiz we erkinligiňiz tejribäňizi kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Size ýakymly we şowly gün arzuw edýäris!

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info