2000 ýyl öň adamlar dişlerini nähili arassalaýardylar?

MilliInfo

4 Oktýabr, 2026

2000 ýyl öň adamlar dişlerini nähili arassalaýardylar?

Häzirki wagtda diş çotgasy we pasta biziň üçin adaty zat. Ýöne 2000 ýyl öň adamlaryň häzirki ýaly diş çotgasy bolmandyr. Onda olar dişlerini nähili arassalaýardylar?

Köp ýerlerde adamlar ýörite agaç şahajyklaryny ulanypdyrlar. Şahajygyň bir ujuny çeýnäp, süýümlerini ýumşadypdyrlar. Soňra şol süýümli ujy bilen dişlerini arassalapdyrlar. Şeýle usul «miswak» ýaly diş arassalaýjy taýajyklaryň gadymy görnüşlerine degişlidir.

Bu diňe bir diş arassalamak üçin däl, eýsem, agyz ysyny gowulandyrmak üçin hem ulanylypdyr. Käbir medeniýetlerde diş arassalaýjy taýajyklar gündelik durmuşda möhüm orun eýeläpdir.

Gadymy rimlilerde bolsa diş arassalamak üçin diş taýajyklary ulanylypdyr. Hatda käbir çeşmelerde rimlileriň dişlerini agartmak üçin peşewden peýdalanandygy hem aýdylýar. Munuň sebäbi peşewiň düzümindäki ammiak bilen baglanyşykly bolupdyr.

Ýagny häzirki diş çotgasy täze zat bolsa-da, adamlaryň dişlerini arassalamak endigi müňlerçe ýyl bäri dowam edip gelýär.

Garaz, diş çotgasy bolmadyk döwürlerinde-de adamlar owadan ýylgyryşyň aladasyny edipdirler.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info