Güýzüň onlaýn tertibinde tomaşa edip bolýan täze filmleri

MilliInfo

7 sagat öň

Soňky ýyllarda adamlaryň täze filmlere bolan gyzyklanmasy has aýdyň duýulýar. Kinoteatrlarda tomaşaçylaryň azalýandygy boýunça şikaýatlaryň artýandygyna garamazdan, ne filmleriň saýlanmagy, ne-de meşhur aktýorlaryň baş keşbi janlandyran täze filmleri bu meseläniň çözgüdi hökmünde orta çykyň bilmeýär. Eger, siz hem filmlere tomaşa etmek üçin öýden çykmaga ýaltanýan bolsaňyz we dynç günlerini planşetiňiz ýa-da telewizoryňyz bilen geçirmek isleseňiz, internet arkaly gözlegleri geçirmegiň wagty geldi: soňky günlerde internetde we kinoteatrlarda görkezilmäge ýetişilmedik köp sanly ajaýyp filmler peýda boldy.

«Itin gözi bilen» filmi haýwanlara söýgi hakyndaky haýsydyr bir melodrama däl-de, 2025-nji ýylda bolup geçýän güýçli trillerdir, tomaşaçy dünýäni wepaly it Indiniň gözi bilen görýär. Eýesi bilen obadaky öýe göçüp gelensoň it binanyň diwarlarynyň içinde howply närsäniň ýaşaýandygyny duýýar.

Indi eýesini görünmeýän howpdan goraýar. Film tomaşaçyny itiň ys duýgusyny ulanmak arkaly täsin atmosferanyň jümmüşine alyp gidýär.

***

«Üçekdäki ogry». Jeffri Mançesteriň hekaýasy hem täsirli filmleriň hataryndan ornuny tapdy.

Adyndan çen tutsaň, has dartgynly wakalara garaşdyrýan film birden melodrama öwrülýär. Bu bolsa tomaşaçyny özüne çekýän aýratynlyklaryň biridir.

***

«Ýol üçin» atly komediýa köne dostlaryň duşuşygy barada. Üç dost geçen gowy günleri ýatlamak üçin Wenesiýada bir ýere gezelenje çykýarlar. Şol ýerde garaşylmadyk zatlar bolýar.

Agşamyň dowamynda olar tötänden utanjaň ýigidi birnäçe gülkünç başdangeçirmelere çekýärler, bu bolsa oňa özüne ynanmaga we kämilleşmäge kömek edýär. Filmde dostluk, pursatlaryň gymmaty we aragatnaşygyň ähmiýeti barada beýan edilýär.

***

Idris Elbanyň düşen «Howply öý» filmi hem kino muşdaklaryny begendirdi. Garaz, bize täsin triller garaşýar: näbelli howpuň öňüni almak bary-ýogy 18 minuty bolan gahrymanyň hekaýasy sizi täsin sýužetiň jümmüşine alyp gider.

Filmi internetde aňsatlyk bilen tapyp bilersiňiz we bu žanryň uly janköýeri bolmasaňyz-da, ondan doly lezzet aljakdygyňyza ynanýarys.

***

Ýene bir komediýa «London geçiriji ulgamda» ady bilen hödürlendi. Sargyt bilen işleýän başarnyksyz jenaýatçy tabşyrylan işi ýalňyş ýerine ýetirýär we ony ýapmaga çalyşýar. Şeýle-de bolsa, oň gizlenmäge mümkinçilik ýok. Täze başlygy oňa kyn wezipäni tabşyrýar. Has takygy, ogluny täzeden terbiýelemegi ynanýar.

Şeýlelik bilen, filmiň gahrymany birden karýerasyny üýtgedýär. Ol oglanjyk üçin kakanyň keşbine geçýär: meseleleri çözmäge kömek edýär, ýetginjekleriň hereketlerine çydaýar we hatda oňa nädip söweşmelidigini öwredýär. Film çuň manyly bolmasa-da, gülküli pursatlara diýseň baý.

   

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo