Syýahatçylyk hiç haçan modadan gaçmaýan ajaýyp we meşhur hobbidir. Bu ugurdaky meýiller hem moda ýaly. Her ýyl bir ýurt has meşhur bolýar.
«Kupibilet» portalynyň hünärmenleri 2026-njy ýylda haýsy syýahat ugurlarynyň iň meşhur boljakdygyny kesgitlediler. Onda Tanzaniýadan başlalyň. Bu ekzotik ýaly eşidilýär, hakykatda welin, Tanzaniýada ekoturizm ösýär we syýahatçylar tebigaty iň gowy ýagdaýda görmek mümkinçiligine mynasyp baha berýärler.
Alty ýyl mundan ozal Kabo-Werde adalaryna baryp görmek üçin wizalar ýatyryldy, şonuň üçin hem, Atlantik ummanyndaky Afrika, Braziliýa we Portugaliýa medeniýetlerini birleşdirýän arhipelag Kabo-Werde uly islegden peýdalanýar.
Has tanyş ýer bolsa Wýetnamdyr. Nha Trang şäherine täze uçuşlar goşuldy, bu bolsa ulag elýeterliligini ep-esli gowulandyrdy.
Wýetnam arzan: mugt miweleri iýip, weloseiped sürüp bilersiňiz.
«Time Out» şeýle hem halkara bilermenlerinden 2026-njy ýylda nirede syýahat etmelidigini sorady. Syýahatçylar ýakyn wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty boljak Marokkodaky Rabaty we Beýik Britaniýanyň taryha giren Sirensester şäherini maslahat berdiler.