3 önümli banan pankek: çalt we ýönekeý düzüm

MilliInfo

29 Awgust, 2026

3 önümli banan pankek: çalt we ýönekeý düzüm

Gerek önümler:

  • 1 bişen banan

  • 2 ýumurtga

  • 4 nahar çemçesi süle uny

Taýýarlanyşy:

Banany gowy edip ezmeli. Üstüne ýumurtgalary goşup, garmaly. Soňra süle ununy goşup, birmeňzeş hamyr bolýança garmak gerek.

Gazany azajyk ýaglap gyzdyrmaly. Taýýar garyndydan ownuk bölekleri gazana guýup, pankekleriň iki tarapyny hem gowy gyzarýança gowurmaly.

Pankekleri banan bölekleri, miweler ýa-da azajyk bal bilen hödürläp bolýar.

Taýýarlamak üçin gerek bolan wagt: 10–15 minut.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info