30 ýaşdan soň dostlaşmak näme üçin kynlaşýar?

MilliInfo

3 sagat öň

Çagalykda dostluk tebigy ýagdaýda döräp başlaýar. Birnäçe söz, bir oýun we siz hemişe bile bolýarsyňyz. Emma ýaşyňyz ulaldygyça, dost tapmak barha kynlaşýar. Dostlaşmak talyplyk ýyllaryňyzda has-da aňsat bolar, ýöne şondan soň dostluk altyna deň bolup biler.

«GadgetPage» kanalynda hödürlenen gepleşikde 30 ýaşdan soň dostlaşmagyň näme üçin şeýle kynlaşýandygyny ara alyp maslahatlaşyldy.

30 ýaşdan soň wagt gymmatly çeşmedir. Hemmeleriň sizden talap edýän zadyny etmäge çalyşýarsyňyz. Hakyky dostluk öz işine ygrarlylyga talap bildirýär we ol örän ýetmezçilik edýär.

Gynansak-da, 30 ýaşdan soň adamlar, köplenç, çeşme we mümkinçilik hökmünde kabul edilýär: ýagny, bu adam size bir zatda kömek edip biler; şol adam arkaly bir pikir öňe sürüp bilersiňiz we ş.m. Kimdir birinden hiç zat garaşmaýan we bir zat almaga çalyşmaýan dostluk üçin indi ýer ýok. Hawa, käbirleri häzirki wagtda köp adamyň sosial media arkaly aragatnaşyk saklaýandygyny we dostlaşýandygyny aýdyp bilerler, ýöne bu dostlugyň illýuziýasy. Hemişe dostlugyň taryhy bolýar — siz bir ýerde bile bolduňyz, bir zady başdan geçirdiňiz, sözüňiz azaşdy we ýaraşdyňyz. Bu şeýle işleýär.

Adamlary birleşdirmeli tehnologiýalar olary zalymlyk bilen böldi. Siz heniz hem, internetde, köçede aragatnaşyk saklap bilersiňiz, ýöne internet arkaly aragatnaşyk şahsy däl ýaly duýulýar.

Köp adamlar köçede aragatnaşyk saklamakdan çekinýärler, sebäbi bähbitlerini göz öňünde tutýan adamlar üçin ýeňil «aw» bolmakdan gorkýarlar.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info