Alty günläp wideooýun oýnan Sabolç Çepe dünýä rekordyny goýdy

MilliInfo

28 Awgust, 2026

Alty günläp wideooýun oýnan Sabolç Çepe dünýä rekordyny goýdy

Wengriýaly Sabolç Çepe wideooýun oýnamakda adaty bolmadyk rekord goýdy. Ol 2024-nji ýylyň 23–29-njy oktýabrynda «Dance Dance Revolution» oýnuny 144 sagat, has takygy, takmynan, 6 günläp oýnady. Onuň rekordyny henize çenli hiç bir adam täzeläp bilmedi.

Şol wagtyň dowamynda ol 3 000-den gowrak aýdym oýnandygyny we takmynan, 22 müň kilokaloriýa sarp edendigini aýdýar.

Şeýlelikde, ol öňki 138 sagat 34 sekuntlyk rekorddan geçip, iň uzyn wideooýun marafony boýunça Ginnessiň täze rekordynyň eýesi boldy. Häzirki wagtda Ginnessiň resmi maglumatynda rekord heniz hem 144 sagat diýlip görkezilýär.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info