Otagyňyzy kaşaň we stilli görkezjek tilsimler

MilliInfo

1 sagat öň

Otagyňyzy kaşaň we stilli görkezjek tilsimler

Öýüňiziň interýeriniň kaşaň bolmagyny isleýärsiňiz, ýöne arzuwlaryňyzy amala aşyrmak üçin maliýe mümkinçilikleriňiz ýok. Emma muňa gymmat satyn almalarsyz ýetip bilersiňiz. Kiçi abatlaýyş işleri hem oňa oýlanyşykly çemeleşen ýagdaýyňyzda özboluşly stilli görünýär.

YŞYKLANDYRYŞ WE REŇK: GÖWRÜM WE RAHATLYK DÖRETMEK

Yşyklandyryşy göz öňünde tutuň. Potolokdaky ýekeje çyra (lýustra) örän owadan bolsa-da, otagy tekiz görkezýär. Şeýle-de bolsa, köp derejeli yşyklandyryş göwrümini goşýar, giňişligi zonalaşdyrmaga we atmosferany üýtgetmäge mümkinçilik berýär.

Diwar reňkini ulanyň. Gözel, ýagty reňklere däl-de, çylşyrymly, ýumşak reňklere üns beriň. Bitarap reňkler otagy basyp almaýar, ýöne dokma, mebel we bezeg üçin fon hökmünde hyzmat edýär. Şeýle giňişlikde özüňizi rahat duýarsyňyz we binjalyk bolmarsyňyz.

IŇ OWNUK ZATLARY HEM UNUTMAŇ

Pilintus tagtalary we bezegler, köplenç, ünsden düşürilýär. Ýöne käwagt kämil gurnalan ýönekeý plintus gymmat zatlardan has gymmatly görünýär.

Tutawaçlary, açarlary we enjamlary ýatdan çykarmaň. Ýokary hilli duýgular, oýlanyşykly ergonomika we bitewi stil — bu siziň içki dizaýn üçin mümkinçilikleriňizdir. Hawa, olaryň hemmesi ähmiýetsiz ýaly görünýär, ýöne bilelikde güýçli täsiri döredýär.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info