Adam atanyň daragty

MilliInfo

14 Noýabr, 2025

Rowaýatda aýdylyşyna görä, Adam ata bilen How enä geýim bolup hyzmat edendigi üçin bu agaja Adam atanyň daragty diýilýär. Onuň başgaça ady — Pawlowniýa.

Bu daragtyň watany Günorta we Günorta Aziýadyr, muňa garamazdan, bu agaç Ýaponiyada we Merkezi Hytaýda has giňden ýaýrandyr. Bu agaç ilkinji gezek belli niderland botanigi Ziboldyň ünsüni özüne çekipdir. Ol 1830-njy ýylda bu agajy Amsterdama getiripdir.Taryhçylaryň aýtmagyna gorä, Pawlowniýa Niderlandlaryň şa zenanyna juda ýarapdyr we ol alym Ziboldyň batanikleriň ekspedisiyasyny guramak baradaky pikirini goldapdyr. Minnetdar bolan biolog bu daragta şa zenany Anna Pawlownanyň, rus imperatory Pawel 1-iň gyzynyň şanyna «Pawlowniýa» diýip at dakypdyr. Bu daragt Türkmenistana Krymdan getirilipdir.Ol ilkinji gezek 1846-nji ýylda Krymyň Nikifin botanika bagynda ekilipdir.Aşgabadyň botanika bagynda bolsa bu daragty ilkinji gezek 1935-nji ýylda ekipdirler.

Onuň üýtgeşik güigüne owadan gülleri bolýar. Pawlowniýa güllän mahaly ondan ýakymly ys ýaýraýar. Bu daragt aprel aýynda gülleýär, güllän mahaly onuň gözelliginden gözüňi aýrasyň gelmeýär. Ajaýyp daragty şäherimizdäki botanika bagyndan başga-da, Galkynyş köçesi bilen Mollanepes köçesiniň kesişýän ýerinde-de gormek bolýar.

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info