Köp adam garramagy ýyllaryň geçmegi bilen ýuwaş-ýuwaşdan bolýan üýtgeşiklik hasaplaýar. Emma alymlaryň geçiren bir barlagy bedende käbir üýtgeşmeleriň belli ýaşlarda has çalt bolup bilýändigini görkezdi.
«Stanford» uniwersitetiniň alymlary 25 ýaşdan 75 ýaşa çenli 108 adamyň bedenindäki müňlerçe molekulany birnäçe ýyllap öwrendiler. Netijede, üýtgeşmeleriň köpüsiniň birmeňzeş tizlikde däl-de, käbir döwürlerde has güýçli bolýandygy ýüze çykdy.
Ilkinji döwür — 44 ýaş töweregi
Alymlar ilkinji uly üýtgeşmeleriň ortaça 44 ýaş töwereginde bolup geçýändigini gördüler. Bu döwürde bedende ýaglaryň çalşygy, ýürek-damar ulgamy, deri hem-de myşsalar bilen baglanyşykly käbir molekulalarda üýtgeşmeler has köp bolupdyr.
Ikinji döwür — 60 ýaş töweregi
Ikinji uly üýtgeşmeler bolsa 60 ýaş töwereginde ýüze çykypdyr. Bu döwürde immun ulgamyna, böwreklere, uglewodlaryň çalşygyna, ýürek-damar ulgamyna, deri we myşsalara degişli üýtgeşmeler has köp bolupdyr.
Ýöne bu «adam diňe 44 we 60 ýaşynda garraýar» diýmek däl. Adamyň bedeni hemişe üýtgeýär. Gözleg diňe käbir biologiki üýtgeşmeleriň belli bir ýaşlarda has güýçli bolup bilýändigini görkezýär. Şeýle-de barlagyň gatnaşyjylarynyň sany köp däldigi sebäpli, bu netijeleri has giň toparlarda öwrenmek gerek.
Şeýlelikde, 44 we 60 ýaş töweregi döwürler bedeniň biologiki taýdan has köp üýtgeşmeleri başdan geçirýän döwürleri bolup biler. Alymlar bu maglumatlaryň geljekde ýaş bilen baglanyşykly keselleri has gowy öwrenmäge kömek edip biljekdigini belleýärler.

Show more