Adamlar haçan ýylgyrýarlar?

MilliInfo

22 sagat öň

Adamlar haçan ýylgyrýarlar?

Saglykdan söz açsaň, ýylgyrýan adamyň keşbi göz öňüňde janlanýar. Geň ýeri, näme üçin saglyk bilen ýylgyryşy özara baglanyşdyrýarlar?

Parahat oýlanyp oturan ýa-da ýatan adamyň däl-de, ýylgyrýan adamyň saglyk bilen arabaglanyşygy nämede-kä? Bu öz-özünden düşnükli. Ýylgyrýan adam sagdyn, saglygyndan ejir çekmeýän adamdyr. Sagdyn adam sagdyn ruhuň eýesidir. Bu iki baýlygyň eýesi bolan adam maşgalasyna-da, töweregindäki jemgyýete-de, Watana-da peýdaly adamdyr. Ýöne ýerden aýdylmandyr ahyry: «Sagdyn bedende — sagdyn ruh».

Ýaşulular oturanda-turanda «Iň esasy zat — saglyk bolsun!» diýip ýöne ýerden aýtmaýarlar. Çünki saglygyň bolanda işiň rowaç bolup, ruhubelent adama öwrülýärsiň. Ruhubelent adam bolsa mydama işe höwesek bolýar. Işe höwesli ynsan bolsa jemgyýetde öz ornuny tapyp, uly at-abraýa eýe bolýar. Ine, düýp mazmuny saglykdan başlanýan durmuş ýolumyzyň hikmeti nirelere barýar?

Baýlyk ýitirilen saglygyň öwezini dolup bilmez. Şonuň üçin hem, saglygyň hakynda öz wagtynda alada etmegi baş maksada öwürmelidir.

Durmuşymyzyň her bir güni şatlyga-şowhuna beslensin! «Iň esasy zat — saglyk bolsun!».

        

 

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info