Adaty bolmadyk lezzet

MilliInfo

7 Oktýabr, 2026

Adaty bolmadyk lezzet

Biz adatdan daşary desert taýýarlamagy teklip edýäris. Ol ter narpyzyň tagamyny azajyk laým ysy bilen birleşdirýär. Aşpezleri bu desertiň bişirilmezden taýýarlanýandygy has-da gyzyklandyrar.

Size gerek önümler:

— Kökeler- 300 g

— Gaýmakly peýnir - 300 g

— Wanil - 5 ml

— Şeker pudrasy - 100 g

— Gaýmak - 400 ml

— Laým - 3 sany.

— Narpyz - 40 g

— Želatin - 15 g

Kökeleri ýumşatmak we siňdirmek üçin ilki bilen süýde batyryp, soňra gazanda galyň gatlak görnüşinde ýaýradyň.

Gaýmakly peýniri wanil we şeker pudrasy bilen garyşdyryň, soňra gowy garyşýança çalyň. Gaýmagy kökeleriň üstüne ýaýradyň. Soňra deserti ýarym sagatlap sowadyjyda goýuň.

Indi narpyz siresini taýýarlalyň. Täze narpyzy we laýmy ownuk dograň, suw goşuň we eziň. Soňra süzgüçden geçirip, želatini goşuň we doly ereýänçä garyşdyryň.

Emele gelen şerbeti gaýnadylan kremiň üstüne ýaýradyň. Soňra deserti ýene-de sowadyjyda saklaň, bu gezek 2 sagat. Saçaga ýerleşdirmezden öň, laým dilimleri we täze narpyz ýapraklary bilen bezäň!

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info