Britaniýaly aýdymçy Adel ilkinji gezek amerikan režissýory Tom Fordyň «Asmana ýeten agy» filminde peýda bolar. Meşhur režissýor Adeliň baş keşpleriň birini janlandyrjak filminiň üstünde işläp başlandygyny tassyklady.
«Asmana ýeten agy» En Raýsyň adybir romanyna esaslanar.
Filmiň surata düşürilişi 2026-njy ýylyň ýanwarynda başlanar.
Adel aýdym-saz sungatynyň taryhynda iň bir üstünlikli artistleriň biri bolup, albomlarynyň we aýdymlarynyň 120 million nusgasyny satdy. Ol Beýik Britaniýada 21-nji asyryň iň köp satylan aýdymlarynyň awtorydyr.

