Hemmeleriň söýgüli süýjisi

MilliInfo

2 sagat öň

Çagalar baglaryndaky  we mekdeplerdäki Täze ýyl baýramyna bagyşlanan dabaralardaky çykyşlar gutaransoň sowgatlardaky süýjüliklerden lezzet almak — her bir çaganyň arzyly arzuwy. Biz bu ýazgymyzda köpleriň çagalykdan ýadynda galan iň söýgüli süýjüligi — «Красный Октябрь» süýjülik fabriginden «Мишка косолапый» süýjileri barada gürrüň bermek isleýäris.

Bu süýjülikleri islendik supermarketden satyn alyp bilersiňiz.

Süýjülikler barada:

Bu süýjülikler wafli gatlaklarynyň arasyndaky doldurma bolan şokolad bilen örtülen süýjilerdir.

Onuň gaplamasy kiçijikden özboluşly sungat eserine meňzeýär. Çünki kagyz gaplamasynyň öň tarapynda Şişkiniň meşhur «Sosna tokaýyndaky säher» atly surat eseriniň şekili bar.

Gaplamanyň gapdallarynda süýjüligiň doly adyny we olaryň düşündirişini tapyp bilersiňiz. Şeýle hem süýjiniň düzüminde allergiki reaksiýa döredip biljek maddalaryň bardygy barada duýduryş berilýär.

Bu süýjiler iki gezek gaplanýar, içinde folga bilen örtülen kagyz gaplama bar. Iki gaplama süýjileriň öz tagamyny has uzak saklamagyna mümkinçilik berýär.

Umuman, bu süýji köpleri çagalyk döwrüniň ýakymly ýatlamalaryna alyp gidýär. Şonuň üçin hem, ony çagalygyň ýakymy hökmünde häsiýetlendirmek bolar.

 

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info