«Maşgala bir kiçijik döwletdir, döwlet bolsa uly bir maşgaladyr»

MilliInfo

3 sagat öň

Halkymyz ýurdy uly maşgala, maşgalany bolsa kiçijik döwlete deňeýär. Bir umumy maksada barýan ýolda bitewileşip, bir göwrä öwrülmek sagdyn maşgala, sagdyn döwlet diýmekdir.

«Maşgala bir kiçijik döwletdir, döwlet bolsa uly bir maşgaladyr». Maşgala jemgyýetiň esasy daýanjydyr. Çünki maşgalada ýaş nesle edep-terbiýe berilýär, olara ruhy-ahlak gymmatlyklary siňdirilip, durmuşa ugrukdyrylýar, jemgyýete taýýarlanylýar. Jemgyýet bolsa diňe ilatyň saklanyp galmagyny däl, eýsem, onuň ruhy dowamatynyň dowam bolmagyny, ýaş nesliň agzybir hem kämil topary ösdürmäge ukyply bolmagyny isleýär. Şonuň üçin hem, adamzat jemgyýeti hemişe ösüşde bolýar.

Halkymyzda sünnälenip gelinýän «Bir nahal ekseň, ýaşyň bakydyr» diýen paýhasly ýörelgäni maşgala daragty bilen baglanyşdyrmak isleýäris. Çünki biziň aramyzda nesilden-nesle geçip gelýän aylly ýol-ýörelgeler bar. Şol ýörelgeleriň arasynda «maşgala daragty» aýratyn orunda durýar. Çagalygymyzdan gulagamyzyň gaýlup gelinýän «nesil daragty», «ömür daragty» ýaly pelsepewi düşünjeler ynsanyň ykbaly, dowamaty bilen baglanyşyklydyr. Şol mukaddes daragtyň iň uly şahasy öý-ojakdyr. Haçanda öý-ojagyň jebisligi, agzybirligi, döwletliligi berk bolsa, bu şol daragtyň kökleriniň hem berkdiginiň alamatydyr. «Agaç miwesinden belli» diýilýär. Şeýle daragtyň miweleri bolsa maşgalada gurlan bagtly, döwletli durmuşdyr. Bagtyýar durmuşyň binýadynyň gözbaşyny agzybir maşgaladan alyp gaýdýandygy bolsa Aý dogan ýaly aýan hakykatdyr.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info