Oraza tutmagyň ynsanyň beden we ruhy saglygyna edýän oňyn täsirlerini häzirki zaman lukmançylyk ylmy hem tassyklaýar. Iýmit siňdiriş ulgamynyň, bagryň 8-16 sagatlap dynç almagynyň peýdasy uludyr. Munuň özi 11 aýyň dowamynda bedende ýygnanan zyýanly ýaglaryň eremegini üpjün etmek bilen, ynsany semizlikden, ganda süýjiniň derejesiniň artmagy, damarlaryň gatamagy, ýürekagyry, gan basyşynyň ýokarlanmagy ýaly näsazlyklardan goraýar.
Oraza tutmak diňe bir dürli tagamlary iýmekden saklanmak däl, eýsem, bu mübärek aý adamlaryň kanagatly bolmagyna, nebsine garşy durmak ukybynyň artmagyna-da oňyn täsirini ýetirýär. Göwnüne degen adamyňdan ötünç soramaga özünde güýç tapan, tersleşenleri ýaraşdyran ynsanlaryň şu aýda sogapdan has köp paýly boljakdygy aýdylýar.
Mukaddes Gadyr gijesi Remezan aýynyň iň şuglaly pursatydyr. Şol gije ýakynlaryňyza, bir-birege eden arzuw-dileglerimiz, beren sadakalarymyz bagtyýarlyk hem hoşwagtlyk eçilýär.
Goý, mukaddes Oraza aýynda etjek doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
Show more