Türkmen çarwa hasaby boýunça 7-nji fewraldan soň garagyş döwri başlanýar. Kiçi çille hem-de soňky garagyş bu pasylyň ahyryna sapmasy hasap edilýär. Bu döwürde garly, aýazly günleriň uly çillä garanda, has köp bolýandygy üçin maldarçylykda aýratyn jogapkärli möwsüm hasaplanýar.
Halk arasynda: «Kiçi çille: «Ýalkasam — süýt-gatyk iýdirin, gargasam — kellebaşaýak» diýenmiş» diýen aýtgy bar.
Beýle diýilmeginiň sebäbi soňky garagyşda ilkinji köşekleriň hem guzularyň görnüp başlaýandygy bilen baglydyr. Şeýle ýagdaýda çopan-çoluklar süýt-gaýmak iýip başlaýarlar. «Kellebaşaýak iýdirin» diýdigi käte gyş ahyrynda gazabyna tutup, mallarçylykda uly kynçylyklary döredip bilýär.
Howa maglumatlaryna görä, kiçi çillede ýurdumyzyň ähli ýerinde gar we ýagyş ýagdy. Bu güýzlük bugdaýlar üçin örän ýaramly bolsa-da, maldarçylykda käbir kynçylyklary döretmän durmady.
Soňky garagyşyň ahyrynda, ýagny 17-nji fewral güni agşam ýere ýyly girip ugraýar. Ekin meýdanlardaky ýeralmalar, käşirler gögermäge çemelenip, pyntykdyr ösüntgi çykarmaga başlaýarlar.
Halk arasynda aýdylýan rowaýata görä, şol gün ikindinara bir pursat bolup, ol gyş bilen ýazyň sepgidimiş. Şonda hemme zat, hatda daş hem gowşaýarmyş.
22-nji fewralda bolsa garagyş gutaryp, togsan dolýar. Ondan soňra çarwa nowruzy diýilýän döwür başlanýar. Bu döwürde hem guşgaýy ýa-da düwlendoňak diýilýän, az wagtlyk dowam edýän sowuk howaly günleriň bellige alynýan halatlary bolýar.
Show more