«Sber» adam ýaly bir wagtda diňläp hem gürläp bilýän emeli aň tehnologiýasyny döredýär

MilliInfo

7 Oktýabr, 2026

«Sber» adam ýaly bir wagtda diňläp hem gürläp bilýän emeli aň tehnologiýasyny döredýär

Russiýanyň «Sber» kompaniýasy «Sber» emeli aňyň (AI) täze tehnologiýasyny — «full-duplex» ulgamyny işläp taýýarlaýar. Bu tehnologiýa edil telefon arkaly adam bilen gürleşýän ýaly, bir wagtyň özünde hem diňläp, hem gürläp bilýär. Bu barada «Sberbankyň» AI tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça direktory Sergeý Markow «RBC» agentligine beren habarynda aýdýar.

Häzirki wagtda sesli emeli aň kömekçileri adatça «nobatlaýyn» işleýär, ýagny adam gürleýär, emeli aň diňleýär we pikirlenýär, soňra emeli aň jogap berýär. Täze tehnologiýanyň esasy tapawudy bolsa birnäçe neýrosetiň ýerine bir modeliň ulanylmagydyr.

Häzirki ulgamda bir neýroset adamyň sesini tekste öwürýär, ikinjisi jogaby taýýarlaýar, üçünjisi bolsa şol jogaby ýene-de ses görnüşinde aýdýar. «Full-duplex» tehnologiýasy bolsa bir wagtyň özünde hem diňlemegi, hem gürlemegi başarýar.

Eger wideo mümkinçilikleri hem goşulsa, ulgam söhbetdeşini görüp, onuň bilen wizual aragatnaşyk saklap we emeli aň awatarynyň hereketlerini hem dolandyryp biler.

Dünýäde şeýle tehnologiýalar eýýäm peýda bolup başlady. Ilkinji bolup 2024-nji ýylda Fransiýanyň «Kyutai» startapynyň «Moshi» görnüşi hödürlenipdi. Soňra «Google» «Gemini Live», «OpenAI» bolsa «GPT-Live» görnüşindäki çözgütlerini çykardy.

«Full-duplex» tehnologiýasy emeli aňyň jogap bermek gijikmesini birnäçe sekuntdan 160–320 millisekunda çenli azaltmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa adamyň tebigy reaksiýa tizligine has ýakyn.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info