Emeli intellekt indi diňe tekst ýazmak ýa-da surat döretmek bilen çäklenmeýär. Ol eýýäm matematika boýunça alymlaryň ençeme ýyllap çözüp bilmedik meselelerine jogap tapmaga-da başlady.
Mysal üçin, 2026-njy ýylyň oktýabrynda Garward uniwersitetiniň gatnaşmagynda geçirilen barlagda emeli intellektiň dürli ulgamlaryna ylmy derejedäki 10 sany çylşyrymly matematiki mesele berildi. Şeýlelikde, iň gowy netije görkezen ulgam şol meseleleriň 9-syny çözmegi başardy.
Mundan başga-da, «Microsoftyň» alymlary emeli intellektiň kömegi bilen 31 ýyl bäri çözülmän gelýän çylşyrymly matematiki meseläniň üstünde işläp, ony çözmegi başardylar.
Alymlar emeli intellektiň özbaşdak ähli ylmy işleri ýerine ýetirip bilmeýändigini aýdýarlar. AI köp sanly hasaplamalary ýerine ýetirip, täze çözgütleri tapyp bilýär. Emma haýsy ylmy meseläniň öwrenilmelidigini kesgitlemek, täze pikir döretmek we netijäniň dogrudygyny barlamak üçin henizem adam akyly zerur.

Show more