Bir wagtlar öýjükli el telefonlar diňe habarlaşmak üçin ulanylýan ýönekeý enjamlardy. Soňra smartfonlaryň peýda bolmagy bilen kamera, internet, GPS, sosial ulgamlar we dürli hyzmatlar bir enjamyň içinde birleşdi. Indi bolsa tehnologiýa kompaniýalary enjamlaryň ösüşindäki indiki ädimiň akylly äýnekler bolup biljekdigini görkezýärler.
Häzirki wagtda emeli aň bilen işleýän akylly äýnekler eýýäm birnäçe işi ýerine ýetirip bilýär. Äýnekler arkaly surat we wideo düşürmek, aýdym diňlemek, jaňlara, habarlara jogap bermek, şeýle-de sesli kömekçiden peýdalanmak mümkin. Käbir görnüşlerinde ulanyjynyň görýän zatlaryny seljermek, olar barada emeli aňyň üsti bilen maglumat almak, dürli dillerden terjime etmek mümkinçilikleri hem bar.
Meta kompaniýasynyň täze akylly äýneklerinde Meta AI, kamera, sesli dolandyryş we terjime ýaly birnäçe funksiýa birleşdirilýär. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, täze modelleriň käbirlerinde batareýanyň iş wagty 8 sagada çenli ýetýär.
«Google» kompaniýasy hem «Android XR» platformasynyň üsti bilen akylly äýnekleriň mümkinçiliklerini ösdürýär. Kompaniýanyň habar bermegine görä, şeýle äýnekler ulanyja telefona el uzatmazdan ugur görkezmek, habar ibermek we surata düşürmek ýaly işleri ýerine ýetirmäge kömek edip biler.

Show more