Altyn balyjaklar hakynda

MilliInfo

28 Iýun, 2026

Altyn balyjaklar hakynda

Altyn balyjaklar tebigatyň täsin gözelligi hasaplanýar. Altyn balyjaklar karplar maşgalasynyň wekilleriniň biridir. Hytaýlylar bu  balyjagy gadymy döwürlerden bäri ösdürip ýetişdiripdirler. Balyklarda köp bolmadyk gyzyl ýa-da altyna meňzeş pigmentli öýjükler bolýar. Adamlar seçgi işlerini geçirmek netijesinde çal, sary pigmentli altyn balyjaklaryň tohumlaryny döredipdirler.

Takmynan, IX asyrlarda balykçylar tarapyndan altyn balyjaklar tutylypdyr. Emma balykçylar bu balyjaklary iýmändirler. Balyklaryň gözel keşbi adamlary haýrana goýupdyr. Şol sebäpli hem, ýörite howuzlary döredip olary dirilige saklapdyrlar. Beýle howuzlary ybadathanalaryň golaýynda gurupdyrlar. Dindar adamlar bolsa olara yzgiderli ideg edipdirler we iýmitlendiripdirler. Olar bu balyjaklary özleriniň goragçysy hökmünde kabul edipdirler.                       

Hytaýlylar, takmynan 1000 ýyl mundan ozal altyn balyjaklary eldekileşdirip başlapdyrlar. Ýaponiýada bu balyjaklara XVI asyryň ahyrynda  uly gyzyklanma döreýär. Soňra olar Ýewropa ýurtlaryna ýaýraýarlar. Altyn balyjagy Makaoda suw çüwdürimlerini we akwariumlary bezemek üçin satyn alypdyrlar. Angliýada altyn balyjagyň ilkinji suraty tebigaty söýüjiler tarapyndan şekillendirilipdir. Hemmeler balyklaryň şekiline şübhesiz täsinlik hökmünde geň galypdyrlar. 1884-nji ýyldan 1894-nji ýyla çenli altyn balyjaklar Baltimora, Waşingtona, Kolumbiýanyň töwereklerine ýaýraýar. ABŞ-nyň balyk hojalygyna her ýyl altyn balyjagyň 20000-e golaýy ugradylýar. Ýüz ýyl mundan öň Orta Aziýanyň balyk hojalygynda bu balyjagy ösdürip ýetişdirip başlapdyrlar. Hindistanyň Grassyfork balyk hojalygynda altyn balyklaryň bir ýylda  2 milliona  golaýy ýetişdirilipdir. Grassyfork balyk hojalygynda altyn balyjagyň ösdürilmegi bilen ol ýer syýahatçylaryň köp barýan ýerine öwrüldi.

Altyn balyjaklar hakynda 40000 sany ylmy iş goraldy. Olaryň iň esasy üýtgeşik alamatlarynyň biri hem görüş nerwisiniň işini täzeden dikeldip bilmegidir. Mundan başga-da, gowy ösen ýatkeşligi, derisiniň üsti bilen Günüň şöhlesini duýujylygy onuň tapawutly aýratynlygydyr.

Karplar çalt köpelýärler we horan iýijiler hasaplanylýar. Olar howuzlaryň ýa-da kölleriň düýbüni bulandyrýarlar. Bulançak suwda suwotularyň ösüş derejesi peselýär. Olar islendik ýere aňsatlyk bilen uýgunlaşýarlar we suwda giň temperatura aralygynda ýaşap bilýär. Balykçylar altyn balyjaklary ýörite aldawaçlaryň kömegi bilen tutmagy başarýarlar. Bu balyklary öý şertlerinde köpeldip we ösdürip bolýar. Altyn balyjaklar ýabany şertlerde, ýagny gazaply gyşda ýaşaýşyny dowam etdirmek üçin özleriniň ölçeglerini ulaldýarlar. Kolorado ştatynyň Teller kölünde 2015-nji ýylda balykçylar Balyk hojalyk komissiýasynyň rugsat bermegi netijesinde elektrik togunyň täsiri bilen 3000 sany altyn balyjaklary tutdylar. Altyn balyjaklaryň tiz köpelýänligi we işdämenligi bilen tapawutlanýandygy üçin olar Koloradoda, Newadada, Nýu-Ýorkda, Demirgazyk Karolinada aekoulgama howp salýan, esasy çeşmeleriň hataryna goşuldy.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info