Häzirki wagtda haýwanat dünýäsinde pingwinleriň 18 görnüşi bolup, olaryň ählisi hem Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilendir. Mälim bolşy ýaly, pingwinler guşlar maşgalasyna degişli wekiller bolup, özboluşly aýratynlyklary, ýaşaýyş şekilleri we uçup bilmeýänligi bilen tapawutlanýar. Pingwinler diýseň özboluşly jandarlar bolup, onuň bir görnüşi-de «altyn saçly» pingwinlerdir.
Bu jandaryň ylmy ady – «Eudyptes chrysolophus», iňlis dilinde öňa «macaroni penguin» diýilýär. Ilkinji gezek bu pingwinler 1837-nji ýylda nemes tebigaty öwrenijisi J.F.Brandt tarapyndan öwrenildi. Bu pingwinleriň kellesindäki açyk altynsow reňkli ýelekler pingwin jynsynyň ähli wekillerinde bolýar. Bu pingwinleriň bedeniniň uzynlygy 65-76 sm, agramy bolsa 5 kg deňdir. Bu görnüşiň wekilleri Atlantik we Hindi ummanlarynyň günorta sebitlerinde giňden ýaýrandyr. Şeýle-de «altyn saçly» pingwinler Antarktika ýarym adasynyň demirgazygynda hem duş gelýär. Olaryň jemi 200-den gowrak höwürtgeleýän mekany bellidir.
Pingwinler ýerde höwürtge döredip, 2 ýumurtga goýýar, inkubasiýa dowamlylygy 35 gün. Uly guşlar iki-üç hepde töweregi jüýjeleri ösdürip ýetişdirýärler, şondan soň ýanwar aýynyň ahyrynda deňze gidýärler we 6 aýlap diýen ýaly deňizde wagtlaryny geçirýärler. Ýylda bir gezek nesil berýärler. Bu görnüş pingwinleriň arasynda iň köp ýaýrany hasaplanýar, dürli çaklamalara görä, olaryň sany 17-den 20 milliona çenlidir.
«Altyn saçly» pingwinler ýelekleriniň üstünde geçirilen gözlegler, olaryň şeýle reňklenmeginde adatça karotinoidleriň däl-de, sfenisin diýip atlandyrylýan özboluşly pigmentiň bardygyny görkezdi. Bu birleşme haýwanlarda pigment görnüşinde-de, möhüm fiziologiki funksiýalary ýerine ýetirýän maddalar görnüşinde-de duş gelýän pterinler toparyna degişlidir. Mysal üçin, witamin fol turşusy pterinlere degişlidir. Pterinler kebelek ganatlarynyň reňklenmegine, drozofila siňekleriniň gözlerine, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň we süýrenijileriň derisine jogapkär serişdedir. Karotinoidlerden tapawutlylykda, pterinleri iýmitden almak zerurlygy ýok, olar bedeniň içinde sintezlenilýär. Sfenisin peptidi 38 sany aminokislota galyndylaryndan durýar.
Pingwinleriň arasynda iň köp duş gelýän görnüşdigine garamazdan, «altyn saçly» pingwinler 1970-nji ýyldan bäri ähli sebitlerde goralyp saklanýar.
Show more