Pensilwaniýa uniwersitetiniň we Wuds Holul okeanografiýa institutynyň fizikleriniň pikiriçe, fin kitleri (selýodka kitleri) öz aýdymlarynyň ses tizliginden has çalt hereket edýän täsirleri döredip bilýärler. Bu gözleg hakynda «Physical Review E» žurnalynda çap edildi.
Kitleriň sesleri ýazga alnanda, sensorlar käwagt adaty 1500 m/s görkezijiniň ýerine 3000 m/s çenli tizlik bellige alynýardy. Bu hadysa tolkunlaryň wagt aralaşmasy bilen düşündirilýär. Sesiň käbiri gönüden-göni kabul ediji tarapa geçýär, beýleki biri bolsa suwuň ýüzünden şöhlelenýär we olar bir-birine gabat gelende täze energiýa depesi emele gelýär.
Gözlegiň awtorlary bu depäniň, hakykatdan hem, asyl tolkunlardan has çalt hereket edýändigini, ýöne tolkunlaryň özüniň tizlenmeýändigini, şeýle-de fizika kanunlarynyň bozulmaýandygyny aýdyňlaşdyrdylar. Şoňa meňzeş optiki täsir fizikada ýagtylyk tolkunlary üçin köpden bäri bellidir.
Energiýa depesi maglumat götermeýär, şonuň üçin hem, ýagtylygyň ýa-da sesiň tizliginden has çalt signal ibermek mümkin däl. Bu açyş alymlara deňiz haýwanlarynyň koordinatlaryny olaryň aýdymlary arkaly has takyk kesgitlemäge kömek eder.

Show more