Öý ösümliklerini söýýänleriň arasynda geranlar barada eşitmedigi ýok bolsa gerek. Has dogrusy, sowuk howa başlanda bu güle ideg etmegiň nähili kyndygyna ünsi çekmek gerek. Onuň muşdaklarynyň köpüsi gyşda bu ösümligi diri saklap bilmeyärler.
Ösümlige dogry ideg düwünler arkaly edilýär. Ol şeýle: ýokarsyndan bäş düwün sanaň, bäşinji düwünden ýarym santimetr ýokardan burç görnüşinde kesiň. Kesmezden öň kesiji enjamyňyzy spirt bilen süpirip işlemegi ýatdan çykarmaň.
Bu kesimden soň, geran üç günläp suw almaly däl. Şol wagtyň dowamynda ýaralar sagalmaly. Iki hepdeden soň her düwünden täze şahalar peýda bolar. Baharda bolsa geranda onlarça şahadan ybarat ýaşyl yapraklar öwsüp başlar.

