Köp iýmek howpy: saglygymyz üçin zyýanly bolan dertden nädip saplanmaly?

MilliInfo

6 Ýanwar, 2026

Köp adamlar doýan mahalynda hem üns bermän, ellerini halaýan zatlaryna biygtyýar uzadanyny bilmän, işdäsine erk etmezlik duýgusy bilen tanyşdyr. Artykmaç iýmek, ýagny aşa düşer derejede naharlanmak diňe bir adaty gözegçilik etmeli endik hem däl, ol aslynda köpimiziň özümizden gizlinlikde söweşýän zadymyz diýsegem ýalňyş bolmasa gerek.

Artykmaç iýmitlenmäge sebäp bolýan daşarky täsirler:

Iýmitlenmegiň kadasynyň bozulmagy. Eliňe ilen zady iýmek, ýolugra garbanmak, gijelerine agyr naharlary iýmek — bularyň hemmesi artykmaç agram salmaga, saglygyň ýaramazlaşmagyna we dürli keselleriň ösmegine getirip bilýän närselerdir.

Nahar meýilnamasyny düzüň, nahary öýde taýýarlaň, şol bir kadaly wagtlarda naharlanyň, naharlanmagyň arasyna wagt salyň — bu ýönekeý düzgünler iýmitlenişiňizi dikeltmäge kömek eder.

Lezzetli aldaw. Çipsileriň, tortlaryň, doňdurmalaryň we beýleki önümleriň ajaýyp tagamlary marketologlaryň maksada okgunly işiniň netijesidir. Boýaglary, tagamlary we tagamy güýçlendirijileri ulanmak önümleriň mümkin boldugyça özüne çekiji bolmagy üçin öndürijileriň ulanýan käbir syrlarydyr. Bu önümlerde süýji, duzly we ýagly goşundylar garşy durup bolmajak täsirleri döredýär.
Iýmit manipulýasiýasynyň pidasy bolmazlyk üçin has tebigy we adaty önümleri oýlanyşykly saýlamak zerurdyr.

Dözmezlik. Köp adam iýmiti dolulygyna iýmän goýmak islemeýär. «Zyňmak dözer ýaly däl», «Eýýäm tutuş puly tölendi», «Muny tarelkada goýup bolmaz» — bu pikirler bizi artykmaç iýmitlenmäge iterýär, şeýle ýagdaý diňe bir daş keşbimize zyýan ýetirmän, eýsem, saglygymyza-da ýaramaz täsir edýär.

Organizmiňize diň salyň. Hakykatdan hem, aç wagtyňyz iýiň we doýanyňyzda iýmekden saklanyň. Ýeterlik iýmit iýmändigiňiz üçin özüňizi günäkär duýup, kadaly iýmitiňizi bozmaň.

Etika. Köp medeniýetlerde myhmansöýerlik köp dürli görnüşli iýmitleri öz içine alýar. Şeýle-de bolsa, stoluň üstündäki bol naharlar diňe bir garnyňy doýurman, eýsem, saglyk meselelerine hem sebäp bolup biler.

Sypaýyçylyk bilen özüňe ideg etmegiň arasynda deňagramlylygy nädip tapyp bolar? Myhman bolan mahalyňyz sypaýyçylyk bilen kiçi bölek nahar almagy soraň.

Ünsüňi sowýan faktorlar adamlaryň gereginden artyk iýmegine sebäp bolýar. Artykmaç iýmitlenmezlik üçin telewizoryň ýa-da kompýuteriň öňünde iýmekden saklanmalydyr. Ýakyn adamlar bilen bile naharlanan wagtyňyz bolsa umumy keýpe goşulyp gitmez ýaly nahar bölekleriniň möçberine üns bermelidir.

Käbir ýagdaýlarda ýeterlik islegiň bolan halatynda adam artykmaç iýmitlenmek meselesine garşy özbaşdak hem göreşip bilýär. Şeýle-de bolsa, köplenç hünärmeniň kömegi talap edilýär.

Deňagramlylygy tapmak möhüm! Tagamly we sagdyn iýmitlerden lezzet alyň, ýöne muny bar aladaňyza öwürmäň. Galyberse-de, durmuşyň adaty bir gap-gaçdaky tagamlardan has uly zatdygyny ýatdan çykarmaň.

 

 

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info