15 000 töweregi adamyň saglygynyň giňişleýin seljermesi goşulan şekeriň aşa köp sarp edilmeginiň statistik taýdan şular bilen baglydygyny ýüze çykardy:
• artykmaç agram almak;
• abdominal semremegiň döremek töwekgelçiligi;
• 2-nji görnüşli süýji keseli;
• gipertoniýa;
• ýürek-damar keselleri.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň şeker sarp etmek bilen bagly ündewleri köp sanly dietologlaryň maslahatlaryndan has çynlakaýdyr. BSGG bu babatda gündelik kaloriýanyň şeker görnüşinde 10 %-den köp bolmadyk derejede sarp edilmegine rugsat berýär.
Duz ýa-da şeker: bularyň haýsy biri zyýanly?
Duz bilen şekeri zyýanlylygy taýdan deňeşdirmek o diýen dogry hem däl.
Iki madda hem köp adamyň pikir etmeýän ultra-gaýtadan işlenen iýmitlerinde köp mukdarda bolýar. Belli bir goşunda ünsi çekmegiň ýerine umumy iýmitleniş ýalňyşlyklary hakda gürrüň etmek has ýerliklidir:
• artykmaç kaloriýa;
• tiz uglewodlaryň agdyklyk etmegi;
• doýgun ýaglaryň aşa köp sarp edilmegi;
• süýümleriň, witaminleriň we minerallaryň ýetmezçiligi.
Ine, hut şu faktorlar bilelikde saglyga ýaramaz täsir edýär.
Näme etmeli?
Ultra-gaýtadan işlenen iýmitleriň sarp edilmegini çäklendiriň. Etiketkalary üns bilen okap, duzuň, şekeriň hem-de beýleki ýokumly maddalaryň mukdaryna ähmiýet beriň. Täze, ter iýmitleri saýlamaga çalşyň.

Show more