Özboluşy döredijiligi bilen tapawutlanýan ussat şahyr Italmaz Akmyradow 1938-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Bereket obasyna dogulýar. Ol orta mekdebi üstünlikli tamamlap, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň türkmen dili we edebiýaty-taryh böliminde okaýar. Soňra öz dogduk mekanyndaky orta mekdepde okuwçylara bilim berýär.
Şahyryň dürli ýyllarda «Daglar», «Behişt ýaly ýürek», «Näzik hesretler», atly goşgular we poemalar ýygyndylary, çagalar üçin niýetlenen «Dutar» atly kitaby neşir edilýär. Ömrüniň soňky ýyllarynda döreden şygyrlarydyr poemalaryny bir ýere jemläp, «Yşkdan doly dünýä» ady bilen okyjylara ýetirmegiň arzuwynda bolan Italmaz Akmyradow 1998-nji ýylyň 30-njy martynda aradan çykýar. Häzirki wagtda şahyryň ýakyn garyndaşlary onuň golýazmalaryny aýawly saklaýarlar.
Şahyr ýa söýmeli ýa-da ölmeli,
Ýşk onuň kärinde — hyzmatynda bar,
Men kän söýýän,näletleme sen meni,
Aşyk bolmak meniň kysmatymda bar.