Üstünlik gazanmak üçin maksat goýmagyň ähmiýeti barada ählimiz eşiden bolsak gerek. Hakykatdan hem, maksatlaryny kesgitli görnüşde ýazýan adamlar oňa has çalt ýetmegi başarýarlar. Emma mesele, dogry maksady goýmagy başarmak bolsa gerek. Adamlaryň arasynda durmuşdan näme isleýändiklerine düşünmekde kynçylyk çekýänleri-de bar. Şonuň üçin hem, öňde goýlan maksadyň nähili netijelere alyp barjakdygyny kesgitlemek şowly ädimleriň biridir.
Köp adamlar maksadyň has uly we hyjuwly bir zat bolmalydygyna ynanýarlar. Käbirleri bolsa maksatlaryň ummasyz baýlyk, köpçülik tarapyndan ykrar edilmek ýa-da durmuş abadançylygyna baglydygyna bil baglaýarlar. Ýöne onuň beýle däldigine güwä geçýän ençeme durmuş hakykatlary bar.
Maksat goýanyňyzda göwnüňize ýaraýan zatlardan başlamak üstünlige alyp barjak gysga ýollaryň biri bolup biler.
Bulardan başga-da, «tersine gitmek» täri hem netijeli ugurdyr. Ýagny, anyk maksatlary kesgitläp bilmeseňiz, onda islemeýän zadyňyz hakda pikirleniň. Mysal üçin: artykmaç agramly (semiz) bolasym gelenok; manysyz ýaşasym gelenok; meni gurşaýan jemgyýet bilen dawaly ýagdaýlara giresim gelenok; halamaýan işimde işlemek islämok.
Hyýala gelýän zatlaryň ählisini ýazmak hem maksatlaryňyzy tapmakda size kömek eder. Soňra olary şeýle görnüşde beýan edip bilersiňiz: sagdyn agram saklamak isleýärin; mazmunly durmuşda ýaşamak isleýärin; ähli ynsanlar bilen agzybir ýaşasym gelýär; halaýan işimde işlemek isleýärin.
Üstünlik – bu her gün gaýtalanýan ownuk işleriň jemi bolup durýar. Aýdyň maksatlar bolsa üstünlige alyp barýan ýoldur. Maksataryň myrat tapmagy her bir ynsanyň arzuwy.
Arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdunda — eziz Diýarymyzda üstünlikleri hemra edinip ýaşamak her birimize miýesser etsin!
Show more