Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowanyň:
Gözüm ýaşdan dolduryp,çyndan gülesim gelýär
Ykbalyň için ýakyp, bagtly bolasym gelýär!
— dien setirlari mylaýym owaz bilen sazlaşykly ýaňlananda, bagt hakda oýlananyňy duýman galýaň. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy:
Kerem etseň, kadyr alla,
Dünýälikde at islärin.
Talygym ukuda galmyş,
Bir açylgan bagt islärin.
Dünýä döräli bäri ynsan oglunyň iň uly arzuwy bagtly bolmakdyr. Hatda iň bir ýagşy dilegleriň, iň ajaýyp sözleriň, iň gowy gutlaglaryň, iň päk arzuwlaryň hem soňy «Bagtly bol! Alnyň bagtyň açyk bolsun!» diýlen sözler bilen jemlenýär. Eýsem, bagtly bolmagyň syry nämede?!
Bu barada tanymal pedagog-psiholog, ýazyjy Jon Izzo dürli kärdäki adamlar, ýüzlerçe, hatda müňlerçe ýyl mundan ozal ýaşap geçen söz ussatlarynyň, akyldarlaryň aýdyp geçen dana pähimlerine, beren öwüt-ündewlerine, pikirlerine, şeýle hem nazary garaýyşlaryna salgylanmak arkaly özüniň «Durmuşda bagtly bolmagyň 5 şerti» atly kitabyny ýazýar.
J.Izzo «Bagta barýan ýol bagtly günleriň bardygyny duýmakdan başlanýar» diýýär.
Ömür kitabyndan açdym bir paly,
Düşündim men ondan şeýle ahwaly:
Örän bagtlydyr, bolsa her kimiň
Uzyn gijeleri, ýary aý ýaly.
(Omar Haýýam)
Adamyň öňüňde durýan ilkinji borjy — öz-özüni bagtly etmek. Seniň özüň bagtly bolsaň, beýlekileri hem bagtly edip bilersiň.
Eger islesek, her günümizi ömrümiziň iň bagtly günlerinden birine öwürmek biziň özümize baglydyr. Säher bilen sag-aman örmek, maşgalanyň başyny jem edip, ertirlik edinmek, ruhubelentlik bilen işliniň işine, okuwlynyň okuwyna gitmegi. Öňüňden çykan tanyşlaryňa mähirli salam berip, olaryň hal-ýagdaýyny soramak, işiňde, okuwyňda öz paýyňa düşýän borçlary doly amala aşyryp, netijeli we halal zähmet çekmegiň lezzeti bilen öýüňe dolanmak. Ýolda guşlaryň jürküldisine, baglarda açylan güllere, adamlaryň ýüzündäki şatlyga guwanmak, öýüňe gelip, bir iş gününiň ýa-da okuw gününiň netijesinde Watanyň ösüşine goşant goşmagyň buýsanjy bilen, gök çaýyň başynda maşgala bolup dem-dynç almak — munuň özi ähli ajaýyplyklaryň özeni bolan bagtdyr.
Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al:
Ylgap baryp saglyk bilen erki al.
Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al,
Soň tapylar, galan zady zyňyp git.
(Kerim Gurbannepesow)
Durmuşda bagtly bolmak ondan çuwaly dolduryp almak däl-de, yzyňda giden bir harman galdyryp bilmekdir. Bagtly bolmak üçin durmuşa bermeli zadyň ykbalyň saňa beren nygmatyndan has kändigine düşünmelisiň.
Bagtdan paýly, söýgiden serpaýly bolmak hemmämize nesip etsin!!!