Sungatyň hem döredijiligiň bedew ýylynda dünýä inen ägirtleri

MilliInfo

5 Ýanwar, 2026

Sary Garryýew — 12.01.1906. Onuň «Dursun», «Prokuror», «Jadyly dür», «Japbaklar», «Çopan ogly», «Aýratyn tabşyryk», «Ilkinji synag», «Uzakdaky gelinlik», «Gündogara garşy on ädim», «Daşgaladaky waka», «Aýgytly ädim», «Teşneligiň gandyrylyşy», «Aşyr aganyň hötjetligi», «Öz obamyň adamlary» ýaly filmlerde döreden keşpleriniň ählisi diýen ýaly tomaşaçylara gülki paýlady. Ussat artist türkmen teatrynyň hem düýbüni tutujylaryň hem biridir.

Nurmyrat Saryhanow — 1906. Türkmen edebiýatynyň ajaýyp eserleri bilen has-da baýlaşdyran ussatlaryň biri-de Nurmyrat Saryhanowdyr. Ol gysga ömründe «Kitap», «Şükür bagşy» ýaly ölmez-ýitmez eserleri döretdi.

Rembrant — 15.07.1606. «Gijeki garawul», «Azaşan ogluň dolanmagy», «Lukman Tulpuň anatomiýa sapaklary» ýaly belli eserleri döreden meşhur niderland suratkeşi 100-den gowrak awtoportreti bilen sungat dünýäsini haýrana goýdy.

Antonio Wiwaldi — 15.07.1678. Ýekebara instrumental konsert žanryny doreden ussat dünýä sungatynda uly yz galdyrdy. Onuň konsert žanryny döretmekdäki işläp düzen üç bölümden ybarat (çalt-haýal-ýalt) düzgüni häzirki wagta-da giňden peýdalanylýar.

Dmitriý Şostakowiç — 12.09.1906. On dokuz ýaşynda döreden simfoniýasy kompozitory dünýä derejesindäki şöhratyň eýesi edýär. Beýik rus kompozitory 15 simfoniýany, alty konserti, iki operany, operattalary, baletleri we dürli görnüşdäki saz eserleriniň uly toplumyny nesillere miras galdyrdy.

Frunzik Mkrtçýan — 04.07.1930. Meşhur ermeni artisti hem režissýory «Mimino», «Aly baba we 40 garakçy», «Kawkaz ýesiri» ýaly onlarça filmde döreden keşpleri bilen tomaşaçalaryň ýüreginde ebedi ýer etdi.

Lew Leşenko — 01.02.1942. Meşhur rus estrada aýdymçysy, Russiýa Federasiýasynyň halk artisti Lew Leşenkonyň ýarym asyrdan gowrak döwrüň dowamynda aýdan aýdymlarynyň ählisi halkyň ýüreginde hemişelik orun aldy.

Amitabh Baççan — 11.10.1942. Doly ady Amitabh Hariwanş Şriwastaw bolan meşhur hindi aktýory daş keşbi sebäpli, ilki-ilkiler diňe kino ses  bermek bilen meşgullanypdyr. Ol kinodaky ilkinji baş keşbini Indira Gandiniň haýyşy boýunça ýerine ýetiripdir.

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info