Ýagyşda galyp, eşikleriňiz myžžyk bolsa näme ederdiňiz? Dogry, olary ýyly ýerde guratmatmak iň gowy usul: öýde bolsaňyz ýyladyjy radiatorda, daşarda wagtyňyz otda guradardyňyz.
Şeýle-de bolsa, Demirgazykda ýerli ilat başga bir usuly saýlaýar. «Инженерные Знания» kanaly demirgazyklylaryň näme üçin eşiklerini sowukda guradýandyklaryny düşündirdi.
Demirgazyklylar güýçli aýazda çygly eşiklerini daşary çykarýarlar. Olar derrew gataýar, aýaz bilen örtülýär we buzly gaba öwrülýär. Bu ýerde sublimasiýa bolýar.
Demirgazyk howasy örän gurak. Eşikler şeýle doňýar, ýöne şol bir wagtyň özünde guraýar. Iň esasysy hem, haýwan derisinden taýýarlanan demirgazyk eşikleri öz ýylylygyny saklaýar.
bu sebitde ýaşaýan halklar derileri şeýle doňdurýarlar. Bugynyň derisinden taýýarlanan uklama haltasyna kukul diýilýär. Birnäçe gijeden soň bu haltada kondensasiýa toplanýar. Daşarda sowuk, ýöne içi ýyly, şonuň üçin hem, çyglylyk toplanyp başlaýar.
Ony otda guratmak mümkin däl: ol uzyn, galyberse-de, bugynyň ýüňi çalt ýanyp biler. Şonuň üçin hem, haltanyň içini daşary öwrüp, sowuga goýýarlar. Çyglylyk doňýar we gyraw emele getirýär. Ony taýak bilen urup aýyrýarsyňyz, eşigiň içi ýene gury ýagdaýa geler.
Show more