Sizi çuň oýa batyrjak ajaýyp rowaýat barlygy bakylyga öwürýän mukaddeslik bolan ene hakynda. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan alnan ajaýyp rowaýat enäniň ynsan üçin hiç bir zat bilen öwezini dolup bolmajak gymmatlykdygyny açyp görkezýär.
Şol rowaýatda aýdylşy ýaly, dünýä inmeli çaga Ýaradana sowal berenmiş:
— Meniň takdyrym indi ýerde bolmaly diýýärler, Taňrym! Meniň çala mydarym bar, ejiz halyma ol ýerde kösenmerinmi? Men başymy nähili çararyn?
Ýaradan oňa şeýle jogap berenmiş:
— Sen ýerde perişdäniň gujagynda bolarsyň, ol sen hakda alada eder.
Çaga şondan soň hem ynjalman:
— Arşda men hem hiňlenýän, hemem gülýän, şondan bolsa göwnüm hoş bolýar — diýip, ol ýene ikirjiňlenipdir.
Taňry oňa:
— Seniň üçin ýaradan perişdäm örän şirin owaz bilen hiňlener, saňa guwanyp, mähirli ýylgyrar. Sen onuň söýgüsinden bagtly bolarsyň — diýip jogap berenmiş.
Çagajyk ýene biynjalyk bolupdyr.
— Wah, men onuň diline nädip düşüneýin? — diýip, indi dünýä inmeli çaga rahatlyk tapmandyr. — Taňrym,birden saňa dilegim bolsa näme etmeli bolaryn?
Ýaradan oňa şeýle jogap beripdir.
— Goraýan perişde seni akja mytgala gundar-da, saňa erkli bolmagy öwreder. Şonda elleriňi gowşuranyňda, men seniň ähli dilegiňi berjaý ederin.
Bäbejik ýene rahat tapmandyr.
— Meni howp-hatardan kim gorar?! Men epgekden, aňzakdan hem goranyp bilemok — diýip, ýene çagajyk sowal berýär.
Ýaradan oňa:
— Seniň perişdäň seni öz janyndan geçip gorar.
Çagajyk bolsa:
— Meniň ýüregim gyssa nähili bolar? — diýipdir.
Allatagalla bu sowala şeýle jogap beripdir:
— Saňa perişdäň dünýäniň ýaradylşy hem adamlar hakynda gyzykly rowaýatlar gürrüň berer.
Rowaýatdan hem görnüşi ýaly, Arşdan saňa indirilen iň uly serpaý — bu enäniň mähri. Günüň ýylysynyň topraga jan berşi ýaly, seniň janyň rahatlygy özüňe siňdirilen mähir gönezligindedir. Mähribanlygyň eneler bilen birliginiň asyl manysy olaryň dowamata ynsanlygyň iň asylly ýörelgelerini miras goýmak wezipesini berjaý edýänligindedir. Iň gowy gylyk-häsiýetler, başarnyklar eneleriň mähirli bakyşy, yhlasy, aladasy bilen perzendine geçýär.