Gözleri kellesiniň içinden görünýän täsin balyk gözlerini kellesiniň içinde aýlap bilýär

MilliInfo

1 sagat öň

Gözleri kellesiniň içinden görünýän täsin balyk gözlerini kellesiniň içinde aýlap bilýär

Bu täsin jandaryň ady — Barreleýe. Ol ummanyň garaňky çuňluklarynda ýaşaýar. Onuň daşyndan seredeniňde, kellesiniň içindäki ýaşyl gözlerini görüp bolýar. Alymlaryň düşündirişine görä, bu balygyň hakyky gözleri öňünde görünýän gara nokatlar däl. Hakyky gözleri dury kellesiniň içindäki ýaşyl, turbajyga meňzeş organlardyr.

Has geň ýeri, ol gözlerini beýnisiniň içinde aýlap bilýär! Adatça gözleri ýokaryk seredip, suwuň ýüzünden gelýän ýagtylygyň kömegi bilen awuny tapyp, şonuň bilen iýmitlenýär.

Ýakynda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň kenaryndan takmynan 90 kilometr uzaklykda, Ýuwaş ummanynyň 600 metr çuňlugynda MBARI ylmy-barlag institutynyň alymlary bu seýrek balyga duşup, ony ilkinji gezek 4K formatda surata düşürmegi başardylar. Alymlar 40 ýyla golaý gözlegde bu balyga bary-ýogy 11 gezek duş gelipdirler!

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info