Bulutlar diňe adamlara agramsyz görünýär. Hakykatda bolsa olar suw damjalaryndan we buz kristallaryndan ybaratdyr. Munuň özi bulutlaryň agramy boýunça diýseň agyrdygyny tassyklaýan hakykatdyr. Bulutlaryň agramy dürli-dürlidir.
Kiçi, tüý şekilli sirrokumulus bulutlarynyň agramy bary-ýogy 20 — 100 kilogram aralygynda bolýar, Gün şöhlesi düşýän ýerdäki kiçi kumulus bulutlaryň agyrlygy bolsa 250,000 — 400,000 tonna ýetip bilýär. Gyşda tutuş asmany örtýän ägirt uly gatlak bulutlar 800 million tonna çenli suw saklap bilýär.
Hemme zat buludyň ululygyna we çyglylyga konsentrasiýasyna baglydyr. Mysal üçin, kumulonimbus bulutlary 3,5 million tonna çenli suw saklaýar. Takyk agramy hemralar arkaly kesgitläp bolýar, sebäbi adamyň gözi bulut ulgamlarynyň hakyky ululygyny çaklap bilmeýär.